Advertisement
Advertisement
TM
RU
Ähli habarlar
Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.
CEIC Datanyň» hasabatyna laýyklykda, Pakistanyň umumy eksporty 2024-nji ýylyň aprel aýynda 2,4 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, maý aýynda 2,8 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Muňa garamazdan, soňky çärýek asyryň dowamynda ýurduň eksportyndaky iň ýokary görkeziji 2022-nji ýylyň iýun aýynda hasaba alyndy. Şonda ýurt 2,9 milliard amerikan dollarlyk harydy daşary bazarlara çykarypdy. Hasabat döwründäki iň pes görkeziji bolsa, 547,2 million amerikan dollar bilen 1999-njy ýylyň ýanwarynda amala aşyryldy. Täzelenen soňky maglumatlara görä, 1996 — 2024-nji ýyllar aralygynda Pakistanyň eksportynyň gymmaty aýda ortaça 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynda ýurduň import amallary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,4 göterim ýokarlanyp, 4,9 milliard amerikan dollaryny emele getirdi. Netijede, hasabat döwründe 2,1 milliard amerikan dollarlyk ýetmezçilik balansy hasaba alyndy.
Pakistanyň eksportyndaky esasy ýurtlar (ýyllyk görkeziji boýunça)
ABŞ — 3,6 milliard amerikan dollary;
BAE — 2,2 milliard amerikan dollary;
Hytaý — 1,8 milliard amerikan dollary;
Beýik Britaniýa — 1,5 milliard amerikan dollary;
Germaniýa — 1,1 milliard amerikan dollary;
Ispaniýa — 1 milliard amerikan dollary;
Bahreýn — 980 million amerikan dollary;
Niderlandlar Patyşalygy —
946 million amerikan dollary;
Italiýa — 854 million amerikan dollary;
Saud Arabystany — 583 million amerikan dollary.
Dokma senagaty Pakistanyň iň iri önümçilik pudagy bolup, ol ýurduň ilatynyň 25 millionyny (umumy işçi güýjüniň 45 göterimi) iş bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda Pakistan pagta egirme kuwwaty boýunça Hytaýdan we Hindistandan soň Aziýada 3-nji döwlet bolup, dünýäniň egirme kuwwatyna 5 göterimlik goşant goşýar. Ýurtda 1221 sany pagta arassalaýjy, 566 sany egirme, 425 sany dokma kärhanasy hereket edýär.
Pakistanyň döwlet banky (SBP) tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýurduň dokma önümleriniň eksporty 2024-nji ýylyň maý aýynda 11,27 göterim ýokarlanyp, 1,48 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,33 milliard amerikan dollaryna deňdi. Şeýlelikde, hasabat aýynda daşarky bazarlara satylan dokma önümleriň gymmaty ýurduň umumy eksportynyň 49,14 göterimini, jemi içerki önüminiň 8,5 göterimini emele getirdi. Ýeri gelende aýtsak, maý aýynda taýýar egin-eşikleriň, ýorgan-düşek daşlyklarynyň, trikotaž önümleriniň eksportynda degişlilikde, 19,82 (343,04 million amerikan dollary); 15,39 (260,27 million amerikan dollary); 13,69 (343,95 million amerikan dollary) göterim ösüş gazanyldy.
Maglumat üçin, Pakistan pagta önümçiligi boýunça hem dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdeligi eýeleýär. Has dogrusy, şu ýylyň aprel aýyndaky maglumatlara laýyklykda, ýurt Hindistandan, Hytaýdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Braziliýadan soň 5-nji ýerde durýar.
***
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Şunda häzirki wagtda durmuşa geçirilmeginiň depgini işjeňleşdirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly geljegi uly taslamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, sebitde söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini we demir ýollary, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar transport we tranzit geçelgesini gurmak ýaly geljege uzaýan taslamalary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamalar tutuş sebitiň, şol sanda Pakistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.
Häzirki wagtda Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň başlanmagy bilen bagly degişli işleri alyp barýar. Taslamany durmuşa geçirmegiň zerurlygy Pakistanyň içerki önümçiliginiň hem-de 250 milliona golaý ilatynyň gaz importyna bolan isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu iri taslama doly işe başlan halatynda «Galkynyş» gaz ýatagyndan ýylda turbageçiriji arkaly 33 milliard kub metr türkmen gazy akdyrylar.
Umuman, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlyk sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu iki döwletiň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän TOPH, TOP ýaly iri taslamalar sebit, galyberse-de, dünýä halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan hem, iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljekde hem ýokary derejede ösjekdigine yzygiderli geçirilýän gepleşikler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».
Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň yglan eden hasabatynda mälim edilýär.
Hasabata laýyklykda, 2023-nji ýylda deňiz ulaglary bilen amala aşyrylan dünýä söwdasynyň 30,1 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim ýokarydyr.
Mundan başga-da, hasabatda ýurduň kenarýaka portlarynyň ýük dolanyşygynyň 2023-nji ýylda 9,6 göterim artyp, 4,96 milliard tonna ýetendigi hem nygtalýar.
Taýýarlan: Şatlyk ANNAÝEW, TDMG-niň harby gullukçysy, podpolkownik.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygy 31 milliard 828 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý köpdür.
Ýanwar — iýun aýlarynda Özbegistanyň eksporty 12 milliard 992 million amerikan dollaryna, importy bolsa 18 milliard 835 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, ýurduň daşary söwda dolanyşygyndaky saldo 5 milliard 842 million amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşliginden Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe hem-de Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlar orun aldylar.
Syýasat
6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji iýulda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň duşuşygy paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi.
Ikiçäk we wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
(TDH).
Jemgyýet
Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan azaltmaly.
Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyny her bir adam, esasan hem, öý bikeleri bilmelidirler. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, maňzyň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.
Ýagly etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglar doýgun ýaglardyr. Bulary iýmitde azaltmaly. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini ulanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir.
Önümler sowadyjy enjamda ýerleşdirilmelidir. Öýde tagamlary ýygy-ýygydan az mukdarda taýýarlaň! Iýmit önümleriniň ýüzünde haçan öndürilendigi we saklanyş möhleti barada maglumatlary okamagy endik ediniň! Günüň dowamynda pesinden 30 minut fiziki işjeň ýagdaýda bolmaga çalyşmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi
Söwda
Täjigistan Russiýadan 27 sany ýolagçy wagonyny satyn aldy
Çarşenbe güni, birža söwdalarynda az kükürtli ýakyş mazudy ýokary islege eýe boldy
Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, gurluşyk hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy
Şenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy
Ykdysadyýet
Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.
CEIC Datanyň» hasabatyna laýyklykda, Pakistanyň umumy eksporty 2024-nji ýylyň aprel aýynda 2,4 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, maý aýynda 2,8 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Muňa garamazdan, soňky çärýek asyryň dowamynda ýurduň eksportyndaky iň ýokary görkeziji 2022-nji ýylyň iýun aýynda hasaba alyndy. Şonda ýurt 2,9 milliard amerikan dollarlyk harydy daşary bazarlara çykarypdy. Hasabat döwründäki iň pes görkeziji bolsa, 547,2 million amerikan dollar bilen 1999-njy ýylyň ýanwarynda amala aşyryldy. Täzelenen soňky maglumatlara görä, 1996 — 2024-nji ýyllar aralygynda Pakistanyň eksportynyň gymmaty aýda ortaça 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynda ýurduň import amallary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,4 göterim ýokarlanyp, 4,9 milliard amerikan dollaryny emele getirdi. Netijede, hasabat döwründe 2,1 milliard amerikan dollarlyk ýetmezçilik balansy hasaba alyndy.
Pakistanyň eksportyndaky esasy ýurtlar (ýyllyk görkeziji boýunça)
ABŞ — 3,6 milliard amerikan dollary;
BAE — 2,2 milliard amerikan dollary;
Hytaý — 1,8 milliard amerikan dollary;
Beýik Britaniýa — 1,5 milliard amerikan dollary;
Germaniýa — 1,1 milliard amerikan dollary;
Ispaniýa — 1 milliard amerikan dollary;
Bahreýn — 980 million amerikan dollary;
Niderlandlar Patyşalygy —
946 million amerikan dollary;
Italiýa — 854 million amerikan dollary;
Saud Arabystany — 583 million amerikan dollary.
Dokma senagaty Pakistanyň iň iri önümçilik pudagy bolup, ol ýurduň ilatynyň 25 millionyny (umumy işçi güýjüniň 45 göterimi) iş bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda Pakistan pagta egirme kuwwaty boýunça Hytaýdan we Hindistandan soň Aziýada 3-nji döwlet bolup, dünýäniň egirme kuwwatyna 5 göterimlik goşant goşýar. Ýurtda 1221 sany pagta arassalaýjy, 566 sany egirme, 425 sany dokma kärhanasy hereket edýär.
Pakistanyň döwlet banky (SBP) tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýurduň dokma önümleriniň eksporty 2024-nji ýylyň maý aýynda 11,27 göterim ýokarlanyp, 1,48 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,33 milliard amerikan dollaryna deňdi. Şeýlelikde, hasabat aýynda daşarky bazarlara satylan dokma önümleriň gymmaty ýurduň umumy eksportynyň 49,14 göterimini, jemi içerki önüminiň 8,5 göterimini emele getirdi. Ýeri gelende aýtsak, maý aýynda taýýar egin-eşikleriň, ýorgan-düşek daşlyklarynyň, trikotaž önümleriniň eksportynda degişlilikde, 19,82 (343,04 million amerikan dollary); 15,39 (260,27 million amerikan dollary); 13,69 (343,95 million amerikan dollary) göterim ösüş gazanyldy.
Maglumat üçin, Pakistan pagta önümçiligi boýunça hem dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdeligi eýeleýär. Has dogrusy, şu ýylyň aprel aýyndaky maglumatlara laýyklykda, ýurt Hindistandan, Hytaýdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Braziliýadan soň 5-nji ýerde durýar.
***
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Şunda häzirki wagtda durmuşa geçirilmeginiň depgini işjeňleşdirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly geljegi uly taslamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, sebitde söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini we demir ýollary, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar transport we tranzit geçelgesini gurmak ýaly geljege uzaýan taslamalary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamalar tutuş sebitiň, şol sanda Pakistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.
Häzirki wagtda Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň başlanmagy bilen bagly degişli işleri alyp barýar. Taslamany durmuşa geçirmegiň zerurlygy Pakistanyň içerki önümçiliginiň hem-de 250 milliona golaý ilatynyň gaz importyna bolan isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu iri taslama doly işe başlan halatynda «Galkynyş» gaz ýatagyndan ýylda turbageçiriji arkaly 33 milliard kub metr türkmen gazy akdyrylar.
Umuman, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlyk sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu iki döwletiň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän TOPH, TOP ýaly iri taslamalar sebit, galyberse-de, dünýä halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan hem, iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljekde hem ýokary derejede ösjekdigine yzygiderli geçirilýän gepleşikler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».
Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň yglan eden hasabatynda mälim edilýär.
Hasabata laýyklykda, 2023-nji ýylda deňiz ulaglary bilen amala aşyrylan dünýä söwdasynyň 30,1 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim ýokarydyr.
Mundan başga-da, hasabatda ýurduň kenarýaka portlarynyň ýük dolanyşygynyň 2023-nji ýylda 9,6 göterim artyp, 4,96 milliard tonna ýetendigi hem nygtalýar.
Taýýarlan: Şatlyk ANNAÝEW, TDMG-niň harby gullukçysy, podpolkownik.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň girdejisi 1 göterim, arassa peýdasy bolsa 14 göterim azaldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa peýdasy 7,27 milliard ýewro barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 8,48 milliard ýewro deň bolupdy. Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň deslapky ikinji çärýegindäki girdejisi bolsa 560 million ýewro azalyp, 41,68 milliard ýewro boldy.
Ý y l y ň b i r i n j i ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň esasy harytlary bolan moda lybaslarynyň we deriden taýýarlanylan önümleriň söwdasy 2 göterim azalyp, 20,7 milliard ýewro deň bolupdyr.
Taýýarlan: Serdar SAMATOW, TDMG-niň harby gullukçysy, kapitan.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygy 31 milliard 828 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý köpdür.
Ýanwar — iýun aýlarynda Özbegistanyň eksporty 12 milliard 992 million amerikan dollaryna, importy bolsa 18 milliard 835 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, ýurduň daşary söwda dolanyşygyndaky saldo 5 milliard 842 million amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşliginden Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe hem-de Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlar orun aldylar.
Allam bize Käbä tarap ýol açdy
Bäş parzyň biridir haj zyýaraty,
Ata-babalarymyz arzuwlap geçdi.
Bu gün bolsa meňem nesibäm çekip,
Allam bize Käbä tarap ýol açdy.
Mukaddes topragyň gudraty güýçli,
Ýer ýüzünden ençe musulman üýşdi,
Teşnelere zemzem suwy ýetişdi,
Allam bize Käbä tarap ýol açdy.
Käbäniň gapysy açyldy giňden,
Beýtullada ýaş saçyldy gözümden,
fiTogap etdik, nefil okap öňünde,
Allam bize Käbä tarap ýol açdy.
***
Dileg-dogalarmyz kabul et, Alla,
Musulmanlaň arzuwydyr beýtulla,
Gelmek nesip etsin gelmedik bendä,
Bagyşla günämiz, ýardam et, golda.
Doga edip, çykdyk Safa, Merweden,
Biraz wagtdan soň Minada düşdük.
Arafat dagyna gitdik ertesi,
Öýle namazyny ikindä goşduk.
Muzdelefä geldik Gün ýaşan mahal,
Ýassyda okadyk agşam namazyn.
Dagdan daş çöpledik kyrk dokuz sany,
Meýdanda geçirdik gijäniň baryn.
Saba-säher ertir namaz okaldy,
Ele alyp düýnki çöplän daşymyz.
Jamarata tarap rowana bolduk,
Şeýtanlaryň öýi boldy nyşanmyz.
Üç gün yzly-yzyna şeýtan daşlandy,
Hemem ýatman togap etdik Käbede.
Onlarça gün zyýarata gatnaldy,
Hoşlaşyp, Medinä ugur alyndy.
Pygamber gubruna zyýarat etdik,
Salam berdik hem getirdik salamlar
fidiýip, gapdalynda nefil okadyk ,
Dileg edip bagtyn bar musulmanlaň.
Pygamberden galan hurma bagy hem
Ilki guran metjit-namaz jaýy bar.
Bir metjitde öňki-soňky kybla jem,
Bu bir gudrat aklyň haýran eýleýär.
Hyýal hasyl boldy, ýetdik arzuwa,
Jemi otuz günläp etdik zyýarat.
Mekge, Medineden öýe gaýtdyk soň,
Üç ýarym sagatdan geldik salamat.
Ýeňil geçen haj parzyna sebäpkär
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.
Allam, Özüň gora, bol howandary,
Hajylaryň hem halkyň Hossarynyň.
Rahman DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Iş dolandyryş
bölüminiň başlygy
Dünýä edebiýatynyň döwresi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýah
Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlup ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň dünýä meşhur döredijilik mirasynyň hormatyna dikeldilen belent heýkelde ünsüň biygtaýar eglenýär.
Öz halkynyň beýik söz ussady Raja Ali soltan Selangor şa nesliniň şejeresiniň görnükli wekilleriniň biri, 1777 – 1784-nji ýyllarda Malaýziýanyň hökümdary bolan soltan Ling-Riau Fisabiliniň agtygy.
Raja Ali Hajiniň doly ady Raja Ali Haji bin Raja Haji Ahmat bolup, ol 1808-nji ýylda Malaýziýanyň Selangor şalygynyň Riau şäherinde dünýä inýär.
Ussat şahyry uly meşhurlyga eýe eden eseri «Malaýlaryň we buglaryň gelip çykyşy» atly kitabydyr. Onda malaý halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy wasp edilýär. Halkyň milli ideýasy dünýä ýaýylýar. Ýurduň gadymy şäherleriniň biri bolan Riaunyň tutuş malaý halkynyň aň-bilim we ylmy merkezi bolup durýandygy öňe sürülýär.
Raja Ali Hajiniň «Gymmatly sowgat» we «Şahyr Abdul Mälik» atly eserlerinde bolsa malaý halkynyň agzybirlik, watansöýüjilik, dost-doganlyk baradaky ajaýyp milli ýörelgeleri, asuda we abadan durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary öz beýanyny tapýar.
Malaý halkynyň beýik söz ussady Raja Ali Hajiniň döredijiligi hem öwüt-ündew häsiýetli pikir-garaýyşlara baý. Akyldar şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli ündew-nesihatlary onuň «On iki gurindam», «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miwesi» atly eserlerinde has aýdyň şöhlelenýär. Söz ussadynyň «Malaý diliniň grammatikasy we düşündirişli sözlügi», «Dil bilimleriniň kitaby» ýaly kitaplary onuň ylmy döredijiliginde görnükli orun eýeleýär. Şundan ugur alnyp, malaý halkynyň dil medeniýetiniň ösüşini kämilleşdirmekde saldamly goşant goşan uçursyz zehinli alyma «Malaý-indoneziýa diliniň atasy» hem diýilýär.
Raja Ali Haji 1873-nji ýylda Penýengat adasynda aradan çykypdyr. Onuň ençeme dillere terjime edilen şygyrlaryndan, ylmy işlerinden düzülen meşhur döredijilik mirasy asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesle geçip gelýär.
Akyldar şahyryň dünýä halklaryna miras galdyran beýik eserleri Indoneziýanyň Bilim we medeniýet ministrligi tarapyndan maddy däl medeni miras hökmünde ykrar edilip, 2004-nji ýylda şahyra «Malaýziýanyň milli gahrymany» diýen hormatly at dakyldy.
Dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdyp, ýaşlarymyzda umumadamzat medeniýetine uly gyzyklamany döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Akyldar şahyryň döredijiliginde adalatlylyk taglymaty
Akyldaryň şygyrlary ýaşaýşyň gözbaşyndan başlap, şu günümize, hatda geljege düşünmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ýylda sarpasy belent tutulyp dünýä derejesinde abraýy arşa galan türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa onuň dünýä halklary tarapyndan beýik akyldar şahyr hökmünde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adam durmuşynyň her bir pursadyny açyp görkezmekde iňňän ähmiýetli terbiýe beriji ensiklopediýa bolup hyzmat edýär. Şahyryň ýaşan döwründäki we ondan soňky dörän edebiýatymyzyň görnükli wekilleri hem şahyryň döredijiliginiň ugurlaryny dowam etdiripdirler. Şol nukdaýnazardan hem, Magtymguly Pyragyny türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasy diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi onuň pelsepewi garaýyşlary döwürdeş şahyrlaryň we ondan soňky edebiýat wekilleriniň döredijiligine hem täsir edipdir.
Magtymgulynyň pelsepewi pikirleriniň we dünýägaraýşynyň täsirini Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň, Keminäniň döredijiliginde görmek bolýar. Mysal üçin, Zelili Magtymgulynyň döredijiligindäki watançylyk, Kemine bolsa durmuşy temasyny ösdüripdir we dowam etdiripdir.
Magtymguly Pyragy diýlende, ilkinji hyýalyňa gelýän zat, ol hem şahyryň özbaşdak we adalatly döwlet gurmak baradaky taglymaty hem-de onuň şeýle bitewi döwleti gurmak baradaky arzuwydyr. Ol öz döwründe halky jebislige, adyl we berkarar döwlet gurmaga çagyrypdyr. Döwletlilik we adalatlylyk ýörelgelerini şygyrlarynyň içinden eriş-argaç edip geçiripdir.
Magtymgulynyň şygyrlary öwüt beriji, wagyz ediji äheňde ýazylyp, gymmatly hem terbiýeleýji edebi miras bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, Magtymgulynyň şygyrlary geljekki nesilleriň watansöýüji, ene topraga, ata Watana, ene-ata wepaly bolup ýetişmeklerinde gymmatly edebi hazyna bolup durýar. Pyragynyň uly arzuwy adyl döwlet gurmak bolupdyr. Goşgularynda adalatly bolmagy ündemekde iňňän inçe pikirleri öňe süren Pyragy «Gidiji bolma» şygrynda şeýle diýýär:
Eger çendi ki bol sahyby-mansap,
Sözün diňle, adalatly bol deňläp,
Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň bol hap,
Goldan gelmez işni ediji bolma.
Goşgudan görnüşi ýaly, eger derejeli emeldar (sahyby-mansap) bolsaň, iki tarapyň hem sözüni diňlemegi we adalatly ölçemegi, manyly gürlemegi we eliňden gelmeýän işi söz bermezligi nygtaýar. Şahyryň goşgularynyň her bir setiri oňa düşünmek üçin çuňňur pikirlenmäniň we ýiti düşünjäniň zerurlygyny orta atýar.
Adalatlylyk her döwürde hem adamzat durmuşynda örän wajyp bolupdyr. Adamzat döräli bäri müň heňňamy başyndan geçiren jemgyýetiň dürli taryhy döwründe hem adalatlylyk pelsepesi döwlet gurmagyň iň zerur ýörelgesi bolupdyr. Magtymguly döredijiliginde halkyň abadan, rahat we bagtyýar döwürde ýaşamagy üçin adalatyň hökman zerurdygy baradaky garaýşy öňe sürüpdir. Magtymguly Pyragy durmuşa hakykat nazary bilen çuň seredip, durmuş adalatsyzlygyny ýazgarypdyr. Jemgyýetdäki parahorlygy hem adalatsyzlygyň bir görnüşi hökmünde görüp, oňa garşy garaýyşlaryny we pikirlerini goşgularynyň üsti bilen halka ündeýär. Mundan başga-da, sosial deňsizligi tankytlap, durmuş adalatsyzlygy hökmünde ýazgaryp, jemgyýetde şeýle ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin her bir adamyň hut özüniň şol hereketlerden gaça durmagyny nygtaýar. Şunlukda, şahyrymyzyň döredijiliginde şeýle adalatsyzlyklary her kesiň ýazgarmalydygy we oňa garşy durmalydygy, adalatsyz işlere perwaýsyz garamaly däldigi baradaky pikirleriň öňe sürlendigine akyl ýetirmek bolýar. Beýik söz ussadynyň adalatlylyk ýörelgesi häzirki günlerimizde döwlet gurmagyň, döwleti kemal we dowam etmegiň ýörelgeleri hökmünde döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrüldi.
Daglar başyn ümür basan,
Jülgesinde güller ösen,
Her deminde namart gysan
Adyl şahdan perman bu gün.
Türkmen halkynyň weli hökmünde ykrar eden şahyry, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy «Bu gün» diýen şygrynda türkmen milletiniň bir gün ajaýyp zamana ulaşjakdygyny, berkarar döwletiň goýnunda ýaşajakdygyny öňünden gören ýaly goşgy setirlerine siňdiripdir.
Bu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şol arzuwlan adalatdan kemal tapan berkarar, garaşsyz, özygtyýar döwletiniň tugy dünýä ýüzünde al-asmanda pasyrdaýar. Halkara arenasynda özüniň belent abraýy bilen bütindünýä derejesinde parahatçylygy we asudalygy goramak boýunça beýik maksatlary nazarlaýan we öňe sürýän döwlet hökmünde öň hatardaky orny eýeleýär.
Magtymguly Pyragynyň adalatlylyk taglymaty döwlet syýasatymyzyň baş ugry hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçilýän okuw sapaklarynda döwleti dolandyrmagyň wajyp ýörelgesi hökmünde diňleýjilere, talyplara ylmy hem-de amaly taýdan öwredilýär. Sapaklarda döwleti dolandyrmagyň wajyp ugurlarynyň biri bolan adalatlylyk ýörelgesi beýik filosof şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanylyp, beýleki şahyrlaryň döredijilikleri bilen baglanyşdyrylyp geçilýär. Akademiýamyzyň okuw sapaklarynyň meýilnamalarynda adalatlylyk taglymaty düşünjesini diňe millet derejesinde durmuşa ornaşdyrmak göz öňünde tutulman, eýsem, okuw jaýymyzda her bir döwlet gullukçysynyň gylyk-häsiýetine mäkäm ornaşdyrmagy gazanmak boýunça etiki bilimler berilýär. Sebäbi berkarar döwleti gurmagy arzuw eden Magtymguly Pyragynyň ýaşan topragynda bina bolan türkmen döwletini dolandyrjak döwlet gullukçylaryna şahyryň öňe süren adalatlylyk we döwletlilik ýörelgelerini wagyz etmek, olaryň ruhy dünýäsine ornaşdyrmak akademiýamyzyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bu gün Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini adyllyk bilen dolandyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Şeýle adalatly syýasaty durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzyň binýady asyrlara uzasyn! Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer pelsepäni öňe süren külli türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, baş pelsepäniň dowamatyny dowam edip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen adyl şygaryň eýesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Jemile HOMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň uly mugallymy.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Türkmen edebiýatynyň ýokary derejesi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ölçenilýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda türkmen edebiýatynyň tanymal wekili, şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol türkmen syýasy-jemgyýetçilik pikirinde, milli şygryýetde düýpli özgerişleri geçiren, türkmen edebi dilini, edebiýatyny esaslandyran beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly, sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.
Magtymguly hyjuwly, joşgunly, söweşjeň watançy şahyr bolup, ol özüniň şygyrlarynda watançylygyň aýdyň nusgasyny görkezip gelipdir. Türkmeniň milli döwletini dikeltmekde, dagynyk türkmen tire-taýpalaryny birikdirmekde, türkmen edebi dilini döretmekde «köňle gelenini taraşlap şagladyp», arman-ýadaman işläpdir.
Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Ol öz goşgularynda watançylyk duýgusyna diňe bir Watanyň tebigatyny söýmek, dogduk depäňi bilmek, Watandan aýra düşüp, gam çekip ýörmek däl-de, halkyň dilinem, däp-dessurynam, köpçüligiň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynam söýmek, hormatlamak, gahrymançylykly geçmişiňe, beýik şahslaryňa guwanmak duýgusynyň hem girýändigini belleýär.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ýürek owazyny, namys-arynyň päkizeligini diline ýugrup, öz halkyna peşgeş beren ynsandyr. Magtymguly türkmen taýpalaryny ilkinji bolup, bir döwletlilige birleşmäge çagyran, oňa göni ýol görkezen akyldar şahyrdyr.
Gündogar halklarynyň taryhyny, medeniýetini öwrenmekde ummasyz köp işleri eden hem-de ilkinji bolup eserleriniň milliligini kesgitläp, akademik W.W.Bartold: «... türki halkyýetleriniň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip, Magtymgula uly baha beripdir.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary edebi gymmatlyklarymyzyň özeni hasaplanylýar. Şahyryň ähli döwürde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de sarpasy belentden tutulýar. Ol dünýä medeniýetine diňe bir milli şahyr bolup girmän, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem iň görnükli wekilleriniň biri bolup giren beýik şahyr hem akyldardyr. Onuň bize goýup giden medeni gymmaty hiç haçan ýitmeýär.
Magtymgulynyň ilkinji gezek doly ýygyndysyny çapa taýýarlan Berdi Kerbabaýew 1940-njy ýylda ýazan «Magtymguly we oňa bolan garaýyş» atly makalasynda: «Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn fond galdyrdy» diýip, şahyra uly baha berýär.
2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklary dünýä ýaýmak babatda öňde goýan meseleleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir şaýady boldy.
Bu gün türkmen iline Magtymgulynyň ömürboýy arzuw eden ajap zamanasy geldi. Indi türkmeniň öz dili, öz dini, özbaşdak tugy bar. Bu gün bütin türkmen halky bir başa bakyp, bir supranyň başynda agzibirlik, asudalyk höküm sürýän Garaşsyz, baky Bitarap parahat ýurtda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Bu gün özüniň ýaşan döwründe ýekeje kitabyny çykarmaga-da pitiwa alyp bilmedik akyldar şahyryň kitaplary hem diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, dünýäniň köp dilinde köpçülikleýin çap edildi hem edilýär. Magtymguly Pyragyny älem tanaýar, okaýar, öwrenýär.
Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny okap bermek bilen şahyryň ömri we döredijiligini köpçülikleýin öwrenmek barada gymmatly sargytlaryny berdi. Şonuň üçinem akyldar şahyryň bize galdyryp giden mirasyny düýpli öwrenmek, onuň ömür-durmuşyny yzarlap, täze-täze maglumatlary ýüze çykarmak, olary ile ýaýmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Bu möhüm ähmiýetli işe alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz, drama, kino işgärlerimiz hem öz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Alymlarymyz daşary ýurtlara gidip, şahyryň şygyrlaryny gözleýärler we öz ýurdumyza getirýärler. Biz hem bu ugurda elimizden gelenini edip, şahyryň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde birnäçe işleri ýerine ýetirdik. 2018-nji ýylda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Magtymguly Pyragy we Allaberdi beg» atly kitabym hem biziň ýedinji arkamyzdan bolan Allaberdi beg Dinmuhammet oglunyň şahyr bilen saklan dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyldy. Şonuň ýaly-da, akyldar şahyr hakynda «Magtymguly diýe-diýe» atly hekaýalar toplumyny döretdim. Olaryň käbiri döwürleýin metbugat arkaly okyjylara ýetirildi. Başga-da, il içinden toplan maglumatlardyr rowaýatlarym esasynda «Pyragynyň dosty» atly powestimi ýazdym. Maňa bu ugurda gymmatly maglumatlary, rowaýatlary aýdyp beren adamlardan örän hoşaldyryn.
Magtymgulynyň edebi mirasy häzirki zaman türkmen edebiýatynyň hem diliniň gözbaş alyp gaýdýan esasy döwrüne degişli bolup, ol bu gün hem halkyň ruhy dünýäsiniň gözelleşmeginde, ýaş nesli döwebap watançylyk ruhunda terbiýelemekde altyn hazynadyr.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy dünýäniň şygryýet äleminiň ägirtleriniň biridir. Onuň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy hazynasy, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň ebedi gymmatlygydyr. Her bir türkmen üçin şahyryň umman ýaly çuňdöredijiligi milli ruhy baýlyk hasaplanýar.
Magtymgulynyň goşgularynyň mazmuny we estetiki garaýyşlary adamkärçiligiň belent hem asylly sypatlaryna, adam ruhunyň gözelliklerine, täsinliklerine ýugrulandyr. Magtymguly hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem gözel, kalbynyň päk bolmagyny arzuw edipdir. Ol bütin döredijiligini il-gününe bagyş edipdir. Şeýle-de beýik söz ussadymyzyň döredijiliginden kalp mähremligi, arassalygy we mylaýymlygy, söz, onuň manysy hakyndaky şireli setirler eriş-argaç bolup geçýär.
Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymgulynyň ajaýyp şygryýet dünýäsi biziň geljekki bagtly günlerimiziň binýady bolar. Ýyllar aýlanyp, günler dolandygyça, ol bize has beýik, mukaddes, ýakyn hem eziz bolup görünýär. Kalbynda Magtymgulynyň ruhuny göterýän halk bolsa geljekde-de sapaly durmuşyň hözirini görüp ýaşajakdygyna şübhelenmese bolar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini arşa galdyrýan, Türkmenistan Watanymyzy uly ösüşlere, beýik ýeňişlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-gün, tutuş adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Goçy ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň at gazanan
medeniýet işgäri, ýazyjy.
Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Advertisement
Jemgyýet
Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan azaltmaly.
Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyny her bir adam, esasan hem, öý bikeleri bilmelidirler. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, maňzyň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.
Ýagly etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglar doýgun ýaglardyr. Bulary iýmitde azaltmaly. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini ulanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir.
Önümler sowadyjy enjamda ýerleşdirilmelidir. Öýde tagamlary ýygy-ýygydan az mukdarda taýýarlaň! Iýmit önümleriniň ýüzünde haçan öndürilendigi we saklanyş möhleti barada maglumatlary okamagy endik ediniň! Günüň dowamynda pesinden 30 minut fiziki işjeň ýagdaýda bolmaga çalyşmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi
Ata Watanymyz özüniň gün-günden özgerýän keşbi, ajaýyp görnüşi bilen dünýäniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany bolan iri göwrümli gurluşyk işleri häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan bu halk bähbitli işleri amala aşyrmakda hususy telekeçileriň hem aýratyn orny bardyr. Türkmen işewürleri tarapyndan esaslandyrylan gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap desgalardyr binalaryň we ähli oňaýlyklary bolan durmuş maksatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barmak bilen, gülleýän Watanymyzyň görküne görk, ösüşine ösüş goşýarlar. Ine, şeýle asylly işleri ýerine ýetirýän işewür taraplaryň biri-de «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasydyr.
2021-nji ýylda öz işine başlan «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasy esaslandyryjy Durdyýew Akmyradyň ýolbaşçylygynda smeta, komission, gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek esasynda halkymyza hyzmat edýär. Ilki açylaýan döwründe kärhana, esasan, diňe smeta (islendik işi amala aşyrmak üçin geljekki çykdajylary doly hasaplaýan we meýilnamalaşdyrýan resminama. Bu resminamada taslamany tamamlamak üçin zerur bolan materiallaryň, enjamlaryň, zähmetiň we beýleki çykdajylaryň jikme-jik maglumatlary bar), komission — satylan we satyn alnan ýeňil we ýük awtoulaglary, tehnikalary hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň, garaz, ýüz tutan her bir şahsy tarapyň adyna resmileşdirip bermek işlerini ýerine ýetiren bolsa, häzirki wagtda ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan paýtagtymyzda alnyp barylýan şäher gurluşyk işlerine-de öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu hususy kärhana ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde alty sany dört gatly, kyrk öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerine başlady. Häzirki wagtda bu durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy gyzgalaňly dowam edip, bu ýerde işleýänler üçin amatly iş-durmuş şertleri döredilýär. Şeýle-de gurluşygyň depginini barha ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe netijeli tagallalar edilip, işleriň öňe has ilerlemegine oňaýly şert döredilýär. Ylalaşyga görä, degre-daşy bilen abatlaýyş işleri göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dynyp, ulanmaga bermek maksat edinilýär.
Hususy kärhana paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, Binagärlik köçesiniň ugrunda ýerleşip, onda häzirki wagtda 70-e golaý işgär müşderileriň ynamyny ödemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu ýerde işler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy düşünişmek we maglumatlary ýaşyryn saklamaklygy kepillendirmek esasynda alnyp barylýar. Ýeri gelende, kärhananyň müşderiler bilen hyzmatlaryň ähli görnüşlerine bellenen ýygymy nagt we nagt däl görnüşinde hasaplaşýandygyny hem bellemelidiris. Ýokary hilli we kepillikli hyzmatlary hödürleýän «Tijegli Hyzmat» hususy kärhanasy isleg bildirýän taraplaryň sargydyny kabul etmäge mydama taýýardyr.
Bägül BERDIÝEWA, «Biznes reklama».
Soňky ýyllarda sebitde ýerli çig malyň hasabyna dürli senagat harytlaryny, şeýle-de gurluşyk önümlerini öndürýän hususy önümçilikleriň sanynyň barha artmagy ýurdumyzda haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Şunda önümçilik mümkinçilikleri barha artýan hususy kärhanalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän «STT» haryt nyşanly gurluşyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanasyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, doganlar Sabur we Timur Taşewlere degişli bolan kärhananyň gury gurluşyk harytlaryny öndürýän önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna barabar bolup, bu ýerde şpatlýowka, gurluşyk harytlary, gurluşyk heki we kafel ýelimi ýaly önümler taýýarlanylyp, ýylyň dowamynda önümiň ortaça 10 — 12 müň tonnasy ýurdumyzyň sarp edijilerine, galany bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary arkaly dolandyrylýan zawodda öndürilýän gipsokarton önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 2 million inedördül metr önümi taýýarlamaga niýetlenilendir. Bu ýerde önümiň 4 görnüşi taýýarlanylyp, onuň 500 müň inedördül metri ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlenilýär.
Hili boýunça dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän kärhananyň beýleki önümleri bilen bir hatarda, demir-beton önümlerine bolan isleg hem barha artmak bilen. Önümçilikde taýýarlanylýan binýatlyk bloklar, beton plitalar, demir-beton daşlary ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Hususy kärhanada bir ýylyň dowamynda 1500 — 1600 kub metr demir-beton önümleriniň önümçiligi amala aşyrylýar. Hususy önümçilikde öndürilýän önümleriň Täjigistan, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edilýändigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.
«STT» haryt nyşanly gurluşyk harytlaryny öndürýän bu hususy kärhanada gurluşyk harytlary bilen bir hatarda, nahar daş duzunyň we duz önümleriniň önümçiligi-de alnyp barylýar. Şeýle-de hususy kärhanada ýodlaşdyrylan nahar duzunyň hem-de senagatda ulanmak üçin daş duzundan plita örtgüleriniň önümçiligi-de amala aşyrylýar. Ýylyň dowamynda bu ýerde duz we duz önümleriniň ortaça 500 — 600 tonnasy taýýarlanylyp alyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, köpugurly kärhananyň önümçilik düzümi gury gurluşyk, gipsokarton, demir-beton önümleri, nahar duzudyr duz önümlerini taýýarlamakdan ybaratdyr.
Birnäçe önümçiligi bir wagtda üstünlikli alyp barýan kärhananyň işleriniň mundan beýläk hem pajarlamagyny arzuw edýäris
Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Dokma senagaty, azyk harytlarynyň önümçiligi, söwda we hyzmatlar ulgamy ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň talaplary esasynda taýýarlanylýan önümler dürli şekillerdir bezegler bilen bezelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň innowasion enjamlary ornaşdyrylan kärhanada 120-ä golaý iş orny döredilip, her aýda 600 tonna barabar önüm öndürilýär.
Içerki we daşarky bazaryň şertlerini göz öňünde tutup, alyp barýan işlerini yzygiderli kämilleşdirýän «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde gurlan täze önümçilik toplumyny işe girizdi. 5 gektar meýdany eýeleýän kärhanada ýerli çig maly, ýagny ýurdumyzyň dürli sebitlerinden toplanyp getirilýän kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly kartonyň önümçiliginde peýdalanylýan kagyz öndürilýär. Raýatlar we degişli ugurda işleýän telekeçiler tarapyndan toplanan kagyz galyndylarygaýtadan işlenilýär.
Kagyzy gaýtadan işlemek birnäçe tapgyry öz içine alýar. Gaýtadan işlenilen sellýuloza täzeden kagyza öwrülip, 300-den 500 kilograma çenli agyrlykdaky toplara bölünýär. Bu ýerde gaýtadan işlenilýän kagyzyň esasy bölegi Büzmeýin etrabyndaky gasynly karton öndürýän kärhana ugradylýar. Bu önümleriň Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksportynyň ýola goýulmagy bolsa olaryň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär.
«Toprak» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň ösen önümçiligi we işewürligi bilen meşhur sebiti bolan Mary welaýatynda hem ýörite kärhanasyny işe girizdi. Bu ýerde işçidir hünärmenleriň 35-si kagyzy gaýtadan işleýän zawoddan ýarym taýýar görnüşinde getirilýän karton gaplara telekeçileriň isleglerine laýyklykda, bezegleri we şekilleri ýerleşdirýär.
Ekologiýa taýdan arassa işewürligiň gerimini barha artdyrýan «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2023-nji ýylyň martynda Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesindäki kagyz önümçilik toplumynyň durkuny täzeläp, pagta galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa kagyzy öndürip başlady. Beýik Britaniýadan we Hindistandan ýörite çagyrylan hünärmenleriň ýardam bermeginde Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ofset, ýazuw, şeýle hem surat çekmäge niýetlenen kagyzyň önümçiligi ýola goýuldy. Täze iş ýerleriniň 230-sy döredilen önümçilik toplumynda müşderileriň sargydyna laýyklykda, islendik agramdaky, galyňlykdaky we ölçegdäki kagyzlar taýýarlanylýar.
«Nowa Eco» ady bilen öndürilýän bu kagyz içerki we daşarky bazarda ýokary islege eýedir. Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän kagyzy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilýän kitaplary taýýarlamakda, ýerli telekeçiler tarapyndan okuw es baplaryny öndürmekde giňden peýdalanylýar.
«Nowa Eco» haryt nyşanly kagyz Germaniýa, Italiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär. «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň «Nowa Eco» haryt nyşanly kagyzynyň hili halkara standartlaryna doly kybap gelip, onuň önümçiliginde emeli agardyjylar, himiki maddalar peýdalanylmaýar, çig mal üçin tokaý agaçlary çapylmaýar.
Hojalyk jemgyýetiniň bilermenleriniň bellemeklerine görä, pagta galyndylaryndan «Nowa Eco» kagyzynyň bir tonnasynyň öndürilmegi 24 sany agajyň çapylmagynyň, atmosfera kömürturşy gazynyň birnäçe tonnasynyň zyňylmagynyň we 33 kub metre barabar suwuň hapalanmagynyň öňüni almaga oňaýly şert döredýär.
Ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürýän «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň döredýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, yhlasly zähmet çekmek bilen, uly üstünlikleri gazanýarlar. Kärhana önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, ýokary hilli önümleriň öndürilişini giňeltmegi, hususan-da, azyk önümleri üçin niýetlenen kagyz gap-gaçlaryň, bulgurlaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bizem ýerli çig maldan importyň ornuny tutýan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän hojalyk jemgyýetine mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary peýdalanyp, işewürligi we önümçiligi «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyklykda alyp barýan kärhanalaryň sany barha artýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynda çärýek asyr bäri üstünlikli işläp gelýän «Toprak» hojalyk jemgyýeti hem şolaryň biridir. 1999-njy ýylda esaslandyrylyp, ilki söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp baran «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2005-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýurdumyzda ilkinji bolup kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly karton öndürýän kärhanany işe girizýär.
Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan guralan maslahat Halk Malahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmeklige bagyşlandy. Oňa ady agzalan ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň başlygynyň orunbasary G.Rejepow çykyş etdi. Ol, öz gezeginde, ýurdumyzda adam azatlyklaryny, hukuklaryny, bähbitlerini goramakda we üpjün etmekde häkimiýet düzümleriniň işleriniň barha kämilleşýändigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, at-abraýyny, medeni mirasyny dünýä ýaýmakda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriňdir halkara maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Şeýle-de maslahatyň dowamynda gurluşyk we senagat işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň esasy hünärmeni Ý.Mawsumowa, awtoulag we ýol hojalygy işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň tehniki gözegçisi R.Halow, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy T.Hudaýberdiýewa, «Türkmen aýna önümleri» döwlet kärhanasynyň merkezi barlaghana we hil gözegçilik bölüminiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy G.Ahmedow, «Türkmenýoltaslama» taslama institutynyň esasy bölüminiň inženeri, KA-nyň işjeň agzasy G.Öwezdurdyýewa, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy A.Saparmyradowa, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň Laboratoriýa we hil gözegçilik gullugynyň beton barlagçysy A.Atakaýewa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halk Maslahatynyň esasy ugurlary babatda Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň amala aşyrylyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertleriň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekligiň wajyplygyny wagyz etmek, ýaş nesliň bagtyýar, ruhubelent, sagdyn bolmagyna gönükdirilen durmuş şertlerini halkymyza dogry düşündirmek, ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň işgärleriniň arasynda köpugurly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymzyyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, olaryň raýatlaryň uzak we sagdyn ýaşamaklaryna gönükdirilmegi dogrusyndaky täsirli gürrüňlerden başlanyp, lukmançylygyň dürli ugurlaryna degişli maglumatlar bilen dowam etdi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň müdiri M.Gurbanow, ÝKMM-iň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň öňüni alyş bölüminiň müdiri M.Ýalkapowa, Aşgabat şäheriniň 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany A.Muhammetşaýewa dagy çykyş etdiler we ýurdumyzyň ösüşi, şanly wakalara beslenýän ajaýyp döwrümiz we bagtyýar döwranda ýaşaýan bagtdan paýly ildeşlerimiziň asuda, erkana durmuşy, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, şol ýetilen sepgitlerde lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyzyň ýerine ýetiren nusgalyk işleri, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabynyň lukmançylygyň dürli ugurlaryndaky ähmiýeti, bu ylmy kitapda berlen ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň, olaryň kökleridir miweleriniň dermanlyk häsiýetleriniň ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanylyşy, sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedenterbiýäniň we sportuň adam bedenine peýdasy, öňüni alyş sanjymlarynyň peýdasy, zyýanly endiklerden daşda durmak, maşgala gymmatlyklary, D witamininiň ynsan saglygy üçin zerurlygy, wagtly-wagtynda saglyk barlaglaryndan geçip durmaklygyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli halkara sergi we ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Lukmançylyk ylmy has-da kämilleşdirilip, ony halkara derejä çykarmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar, bu ulgamdaky dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has hem giňeldilýär. Netijede bolsa, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Duşuşygyň dowamynda diňleýjiler saglygy goraýşyň wekillerine adam bedenine peýdaly we zyýanly endikler, saglyga oňaýly täsir edýän iýmitler, ýaşaýyş şertleri dogrusynda özüni gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüz tutdular. Duşuşyk sowal-jogap görnüşinde dowam edip, birnäçe zerur we gymmatly maglumatlar diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, raýatlaryň saglygy barada alada edip, bu ugurdaky asylly tagallalary irginsiz durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyza, peder ýoluna eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler..
Advertisement
Sport
Amerikanyň çärýek finalynda Ekwadordan oýundan soňky 11 metrlik urgularda üstün çykdy. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanan oýnuň ýeňijisini kesgitlän 11 metrlik urgularda Argentina 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala ýollanma aldy.
Oýunda urlan gollara Argentinanyň düzüminde 35-nji minutda Aleks MakAllister, Ekwadoryň düzüminde bolsa 90+1-nji minutda Kewin Rodriges awtorlyk etdi. Ýeri gelende, Ekwadoryň kapitany Enner Walensiýanyň 62-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, Argentina ýarym finalda Kanadanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.
Maglumat üçin, Kanadanyň ýygyndysy hem çärýek finalda Wenesuela bilen esasy we goşmaça wagtlarda 1:1 hasabynda deň oýnady hem-de oýundan soňky 11 metrlik urgularda 4:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
6 ýurtda geçjek futbol boýunça 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly geçiriljek stadion belli boldy. DÇ-2030-yň aýgytlaýjy oýny Ispaniýanyň Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda oýnalar. Madridiň «Real» toparyna degişli stadion final oýny üçin durky abatlanandan soňra, 85 müň janköýeri kabul edip biler.
Ýeri gelende bellesek, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlary Ispaniýa, Portugaliýa, Marokko, Urugwaý, Argentina hem-de Paragwaý döwletlerinde bolup geçer. Şeýlelikde, bu ýaryş birbada 3 yklymda geçirilen ilkinji dünýä çempionaty hökmünde taryha girer.
Agyr agramda «UFC-niň» çempiony Jon Jons indiki söweşiniň haçan we kim bilen boljakdygyny mälim etdi. Türgeniň aýtmagyna görä, ol 9-njy noýabrda geçiriljek «UFC 309» söweş agşamynda Stipe Mioçiçe garşy oktagona çykar. Bu turnir uly ähtimallyk bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriler.
Aslynda, Jons – Mioçiç tutluşygy 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilmelidi. Emma Jonsuň türgenleşikde şikes alandygy sebäpli, söweş yza süýşürildi.
Maglumat üçin, Jon Jons özüniň soňky tutluşygyny 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirip, onda Siril Gangy birinji raundda ýeňlişe sezewar etdi.
Mediýa
Epik reklama
Ikonik hereketler
Brend häsiýetleri
Brendlere at dakmak
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.