Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Il ýaşulysy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmk üçin Abu-Dabi şäherinde boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde hormatly Arkadagymyz we Türkmenistanyň wekilçilikli topary mähirli garşylanyldy. BAE-niň energetika, strategik ösüş ministri Suheýil Al Mazrouy howa menziliniň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kabul ediş merkeziniň ýanynda hajy Arkadagymyz bilen salamlaşyp, gahryman Arkadagymyzy binanyň kabul edişlikler merkezine çagyrdy.
Hormatly Arkadagymyz şeýh Halifa Ben Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy barada çuňňur gynanjyny beýan edip, tutuş türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçy düzümine hem-de halkyna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini ýetirdi.
BAE-niň energetika, strategik ösüş ministri öz gezeginde şeýle agyr pursatda uzak ýoldan gelip duýgudaşlyk bildirendigi hem-de aýdan medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerde belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kabul edişlik merkezinde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň uly ogly Şeýh Soltan Bin Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy we hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagy ugrunda merhum Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly tagalla edendigini nygtady we onuň aradan çykandygyna öz gynanç duýgularyny beýan etdi.
Öz gezeginde Şeýh Soltan Bin Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýan merhumy hatyralap gynanç bildirmäge gelendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BAE üçin ygtybarly we işjeň hyzmatdaş bolup durýandygyny aýdyp, mundan beýläk-de iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz gudraty güýçli Allatagalladan şu agyr pursatda BAE-niň halkyna ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk dileg etdi we merhumyň ýakynlaryna ýene bir gezek öz gynanjyny bildirmek bilen tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Soňra hajy Arkadagymyz Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we türken halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagynyň bu ýurduň halky üçin uly ýitgi bolandygyny nygtap, onuň haýyr-sahawatlyk we ynsanperwerlik işlerini bitirip, tutuş yslam dünýäsinde yz goýandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň merhum Prezidentiniň Türkmenistanda giňden tanalýandygyny, onuň biziň ýurdumyz üçin haýyr-sahawatlyk babatda ägirt uly işleri bitirendigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Arkadagymyz onuň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler Köşgüniň, «Ene- mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler Köşgüne haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.
Hormatly Arkadagymyz BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasyna ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda merhumyň Aşgabatda gurduran metjidinde geljek annada Aşgabatda onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz emirlikler halkyna agzybirlik, merhumyň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlayyna ruhy durnuklylyk, sabyr kanagatlylyk dileg edip, medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hajy Arkadagymyz Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda bitiren işleriniň aýratyn bellenmäge mynasypdygyny aýtdy. Ol özüniň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurduna we halkyna wepaly ynsan hökmünde ýer ýüzüne görelde boldy. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Birleşen Arap emirlikleri dürli ugurlarda uly ösüşler gazandy diýip, hormatly Arkadagymyz beldedi we bu işleriň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Öz gezeginde Şeýh Muhammed Al Nahaýýan uzak ýoldan öz gynanjyny bildirmäge gelendigi üçin türkmen wekiliýetine, hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Hormatly Arkadagymyz BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyz gynanjyny beýan edip, iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösmeginde BAE-niň merhum Prezidentiniň aýratyn tagallarynyň bolandygyny nygtady. Onuň BAE üçin bolşy ýaly, tutuş sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagynda bitiren hyzmatlary bellärliklidir.
Şeýh Mansur Bin Zaýet Al Nahaýýan hajy Arkadagymyza BAE-niň halky üçin agyr pursatda gelip, gynanjyny beýan edendigi hem-de duýgudaşlyk bildirendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy we BAE-niň beýleki resmi adamlary hajy Arkadagymyza hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryna şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendikleri hem-de BAE-niň halkyna medet beriji sözleri aýdandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we munuň özleri üçin hem-de BAE-niň tutuş halky üçin uly mertebedigini nygtadylar.
Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň adyny göterýän dünýädäki ajaýyp metjitleriň biri bolan Şeýh Zaýed metjidine bardy.
Bu metjidiň wekilleri hormatly Arkadagymyzy we Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli garşyladylar. Hormtaly Arkadagymyz BAE-ni esaslandyran Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň aramgähine zyýarat etdi.
Metjitde merhumyň hormatyna aýat okaldy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentiniň ruhuna degsin edip, keramatly Gurhandan süreler okady we halklaryň bagtyýarlygynyň, ýurtlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işleriň rowaç almagyny dileg etdi.
Soňra hajy Arkadagymyz metjitde goýlan Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg edip, ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Şeýh Zaýed metjidiniň wekili hormatly Arkadagymyza bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hem-de dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän kitaplary gowşurdy.
Hormatly Arkadagymyz ajaýyp sowgatlar üçin metjidiň wekillerine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Arkadagymyzyň ulag kerweni Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine degişli bolan Halkara howa menziline geldi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Aşgabada tarap ugrady.
Birnäçe wagtdan hormatly Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.