Güneşe barýan ýol
(Dostumyň ýagty ýadygärligine)
Biziň ugrumyz güneşe sarydy. Durnalar bolsa Ýefrata tarap ylgar edip barýardylar. Gykuwlaşyp, toýnuk gurap soňlanmadyk, megerem, ömür-ömürem soňlanmajak aýdymlaryny biziň dünýä inen Peşanalymyzyň üstünden seçeläp alyslara – Güneşe garşy uçup barýardylar. Güneş arasynda bile önüp-ösen adamlarymyzyň nurana ýüzi ýaly gowudy, hezil edip suwa düşýän “çuňňul” diýip at alan güzerimiz ýaly mylaýymdy. Güneşi enaýylygy, päkizeligi boýunça perişde ýaly diýilýän adamynyň göwnüne, çüýşe ýaly asmana, sarç hem şadyýan taýçanagyň ýele ykjaýan ýalyna, bagtyýar çaganyň gulpajygyna, tamdyrdan çykan nanyň meňzine, dünýäniň iň gowy zatlaryna meňzedip boljakdy. Sebäbi, hemme ajaýyp zatlaryň gözbaşynda güneş bardy.
Biziň ugrumyz güneşe sarydy. Güýzüň durnaly asmanynyň astynda tap-takyrja ýoldan welosipedimizi ýanaşyk sürüp barýardyk. Bu wagt ähli zat biziň gözümize tämizdi, ajaýypdy. Durnalar, obamyza tarap barýan dury suwly akar, çaňňalaklary boşap galan hatar-hatar gowaçalar… bar zat gözeldi, güneşe ýugrulandy. Agras dem alyp ýatan meýdanlar ilkinji perzendini dogrup, ile gowşan gelne meňzeýärdi. Sen şonda: “…Güneş nähili gowy!” diýipdiň.
Şonda sen entek on bäşem ýaşamandyň. Men bolsa senden az-owlak ekabyrrakdym. Men entek Ormuzd Hudaýyna uýan Zaratuştyranyň “Çagalary hem güneşi söýüň!..” diýen sözlerini bilemokdym. Ýöne güneşiň juda gowy zatdygyny weli bilýärdik. Aýdymda aýdylyşy ýaly: “Biz güneşli ýurduň ogludyk”. Güneşi söýýärdik, güneş ýaly umytlarymyz bardy… “Men Güni görýärin” diýen kitaby öwran-öwran okaýardyk. Şol kitabyň gahrymanlaryna meňzejek bolardyk.
Ondan bäri ep-esli wagt geçipdir. Hemme zat jikme-jik ýadyma düşenok. Ýöne şol güýz gününiň säheri ene ýabyň boýy bilen güneşi çowup duran al günüň garşysyna Peşanalynyň kitap magazinine bile gidenim ýadymdan çykanok. Şol güneş, ýaşlygymyzyň güneşi, umyt-nyýazlarymyzyň nurly güni gaýdyp gaýtalanmaz. Şol gün meniň ýüregime gamly güneş bolup siňipdir we maňa wagt-wagt yza berýär. Sen hakyndaky hyýaly umytlarymy janlandyrýar…
Seniň toýuňa barýarmyşym. Zülpleriň güneş ýaly bir gelin bilen ýanaşyp gelýärmişiň, tutuş Garinjik obamyz toýuň şatlygyna goşulýar. Nogul-nabat seçilýär. Kimdir biri: “Tüweleme, gyşyň güni diýer ýaly däl, edil ýazyň bir güni gizlenip galan ýaly” diýýär.
Bir şahyryň “Soldatlar gije aglaýarlar” diýen goşgusyny okap otyrkam sizi ýatladym. Soldatlar çaga wagtlary eşiden iň gowy sözlerini gaýtalap, biri-birinden ýaşyryn aglaýarlar diýlip, goşguda aýdylýar. Owgan daglarynyň gyýçak-gyýçak gerişleriniň içinde ýyldyzly asmana garap, senem gözüňe ýaş aýlansyň, şonda mähriban obamyzyň üstüne patrak kibi seçilen balkyldaşýan ýyldyzlary, biziň mährimiz siňen gumak ýollary, geçen urşuň şarpygyny dadan kakaň Durduly agany, obamyzyň toýunyň-ýasynyň bekewüli, il-güne özüni aldyran, “Çarym, Çarymyradym, taýçanagym!” diýip söýen mähriban ejeňi, doganyň Uzugy, Kakamyrady, Atamyrady, Amanmyrady, eýjejik jigileriňi, obamyzyň mähriban adamlaryny, tanyş köçeleri, keşpleri entek “söýýän” sözüni-de aýdyp ýetişmedik güneşe çalymdaş saçly, güneş ýüzli gyzy şol gussaly güýz güni bir geňsi nagyş ýaly alyslara uçup giden durnalary, Peşanala barýan tap-takyrjyk ýoldaky güneşi… ýatlansyň.
Eje jan, öýümizden alysda bu gün,
Ýatyryn ýassanyp sop-sowuk daşy.
Öýümizi hem seni küýseýär göwün,
Seň bilen geçirlen on sekiz ýaşy.
Näzikdi ýüregim, ýöne ol dostum
Ölende doňdy-da öwrüldi daşa.
Kän zada düşündi seredip ogluň
Al gana boýalan göz bilen gaşa.
Bu ýerde gözüme gelenok uky,
Argyn men oýanyp bilmeýän ýatsam.
Ýanyňda ukymy alaryn men soň,
Sag-aman öýmüze özümi atsam.
Bimany Owgan urşunda gurban bolan gül ýaly ýigitleriň pajygaly ruhy ahwalatyny şahyr şeýle beýan edýär.
Aslynda, körügine gara keçe dykylmyş urşy kim oýlap tapdyka?! Adamlar näme, uruşman oňup bilmeýärlermikä?! Bir tanky ýasamak üçin edilen çykdaja dünýäniň näçe açlyk çekýän adamsyny doýrup bolýar. Bir söweş uçaryna pul harçlandan näçe ýalaňaja don geýdirip boljagyna olaryň akyly çatanokmy?! Galaktikanyň, kibernetikanyň nämedigine akyl ýetiren, kosmosa çykan adamzat bary-ýogy bir gezek ýaşaýmak miýesser edýän dünýäde bag ekip, baharlara buýsanyp, kitap ýazyp, saz diňläp, sähralary özgerdip, ömrüni ýagşylyklara besläp, hoş söz aýdyp, sungat bilen meşgullanyp, belent-belent ymaratlary bina edip, güneşi söýüp, çagalara guwanyp, garrylara rehimdar bolup ýaşaberse bolmaýarmyka?!
Bir ene bimahal giden gözmonjugy ýaly balasyny ýat edip bozlasa, dünýäniň ähli eneleriniň hem bagrynyň paralanjagyny bilmeýärlermikä?! Bir öý ýas baglasa, tutuş oba, il matam tutmazmy?! Gussaly güýz güni gyşlaga giden durnalar ýazda eziz Diýara dolananda, hatarda bir durna kem bolsa niçik bor?! Göwünler gyýylmazmy, dideler nemlenmezmi, ömürler kemelmezmi?! Her bir bimahal ölümde biz dirileriňem günäsi bar bolaýmasyn?! Adam harsal duýgularyndan aýňalar, akylyna aýlanar, dünýädäki ähli uruşlaryň köküne palta urar, gözbaşyny petiklär, ynsanperwerlik päliýamanlykdan, haýyr şerden rüstem geler. Ýer ýüzünde çaga gülküleri soltan bolar, ýaşaýyş hem aýdym, söýgi hem güneş rowaçlyk tapar.
Pelegiň gerdişi şeýledi. Ol äwmezek kerwen ýaly öz müdimi ýoluna rowandy. Bärde bolsa türkmen eneleri balalaryndan jyda düşüp gözýaş dökýärdiler. Kimdir biri tarapyndan başlanan, nämäniň hatyrasyna urşulýany belli däl goňşy Owganystanda palaç boý türkmen oglanlary heläk bolýardy. Näçe türkmen öýleri ýas baglady. “Köşekden aýrylyp, maýa dek bozlan”, gaýgydan ýüzi saralan eneleriň içinde garabagyr ejeňem bardy…
Güneşiň halynyň inçe kirişleri ýaly şöhle tarlary ter hem tämiz umytlarymyz kimin ýer bilen asmanyň birleşýän ýerine çenli uzap ýatyrdy. Tutuş ýer-gögüň arasynda biz tap-takyrjak ýol, terne deý terje, gök erik kibi gögele arzuwlarymyz hem bir geňsi güneş bardy. Geljek bolsa albaý bulap çagyrýardy, juda nämälimdi. Sen ömür güneşiň sähelçe ýyldan tapba kesilip, töweregiňi ümür-dumanyň örtjeginden bihabardyň, Ýusup pygamber ýaly görmegeýkäň, edenli hem şeýle şadyýan wagtyň, durmuşy şeýle söýýän halyňa ýaz damjasy ýaly ýere siňip ötägitmek nähili kyndy, adalatsyzdy. Pelegiň peltek dili seniň ömrüň öýlänçiniň, älemgoşaryň ömri ýaly juda gysga boljakdygyny aýdanynda biz düşünmedikmikäk?! Seniň okajak kitaplaryňy kim okar? Seniň ýörejek ýollaryňy kim ýörär? Kim seniň aýdylmadyk aýdymlaryň dowamyny aýdar?!
Walentin Ýežow bilen Grigoriý Çuhraýyň “Soldat hakynda ballada” kinofilminden Alýoşa Skworsow uruş zerarly nowçalygyna ömür güli solan yetginjegiň tipik obrazydyr. Kino şeýle sözler bilen tamam bolýar: “Ol oňat ata, ajaýyp raýat bolardy. Işçi, inžener alym bolardy. Galla öndürip ýetişdirerdi, zemini bag bilen bezärdi. Arman, ol diňe soldat bolmaga ýetişdi. Şonlugyna-da biziň hakydamyzda ömürlik galdy”.
Bu sözler saňa-da degişli bolup galdy. Gykuwlaşyp, Diýara dolanan durnalaryň hataryndan üzülip galan umydygär durnalaryň baryna degişli bolup galdy.
Moldawan şahyry Grigoriý Wiýeru bir goşgusynda: “Meni jaýlanyňyzda gaty çuň däl-de, ýüzleýräk jaýlaň, güneşi duýarym ýaly” diýip ýazypdy. Türkmen güneşi öz goýnunda ýatan perzentlerini ýyladar, üşetmän saklar. Bize bolsa takdyra ten bermek, ata-babalarymyzyň, öten-geçenlerimiziň ruhunyň öňünde tagzym etmek, olaryň mähriban atlaryny hakydamyzdan öçürmän saklamak, ruhlaryna degsin etmek galýar.
Ýatan ýeriň ýagty bolsun, eý, meniň güneşe çalymdaş on dokuz ýaşly dostum!
OBAM
Aslyşdym ýelleriň öwsende pessaý,
Süýndüm ýüpek ýollaryňda keýik deý.
Meni dostlarymyň sözünden pes saý,
Göripleriň gybatyndan beýik goý.
Derek boý gyzlaryň söýdiler meni,
Bugdaý ýagyşlaryň ýagdy ayama.
Sen-pikir kalbymda döräňok heniz,
Seniň özüň, özüň hakda poema.
Öýleň üçeklerni ýyldan al Günüň,
Ýyldar meniň ýüregimi uzakdan.
Baglaň galmaz arasynda salgymyň,
Almalarňa elim ýeter uzatsam.
Kalbym güberçeklär, göwnüm göterler,
Magşar ýassygynda galmaz armanym.
Görsem tamdyrlaňdan göge göterlen
Tüsseleriň burum-burum barýanyn.
Ýolum çapraz gelse, düşsem senden yrak,
Aý göge galanda, bolanda aýdyň.
Gaýgyçyl tallaryň şonda hellewläp,
Aýdar ömrüm hakda gussaly aýdym .
Şol aýdymdan enem tapar teselli,
Şol aýdymdan ýar gözýaşy kiparlar,
Beýle bolmaz, bolar aman esenlik,
Hijran kölge salmaz apy-tupan deý.
Kerke hasratlara batyp galmaryn,
Diýme: ”Bir oglumyň ýeri gädik bor”.
Asmanyň diregi ýaşyl tallaryň
Şanyma gurulan ýadygärlik bor.
Gurbandurdy Orazow.
Bu makala ozal «Mugallymlar gezeti» gazetinde we şahyryň «Ylym» neşirýaty tarapyndan 2008-nji ýylda çap edilen «Men sähra gidýärin» atly kitabynda çap edildi.