Hoşlaşyklar hepdeligi

Ge­çen hep­de­de Ýew­ro­pa­nyň uly bäşlik çem­pio­nat­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ry yz­ly-yzy­na öz tä­lim­çi­leri bi­len sag­bol­laş­dy­lar. To­pa­ry bi­len hoş­la­şan tä­lim­çi­le­riň ara­syn­da bu hyýaly ozaldan kellesinde aýlap ýörenlerem, duýdan­syz ýag­daý­da şeý­le ne­ti­jä ge­len­le­rem, topar tarapyndan wezipesinden boşa­dy­lan­la­ram bar. Ha­bar­la­ra geçsek, geçen hep­dede «Ýuwentus» Pirlony, «Na­po­li» Gattuzony, «Inter» uly ara­kes­me­den soň, «neradzurrileri» çempionlyk münberine gaýtaryp getiren Konteni öz wezipesinden bo­şat­dy. To­par bilen ikitarapla­ýyn yla­la­şykesasynda bolsa, Fran­si­ýa­da uly öw­rü­li­şik eden Galte «Lill»-i, Zi­dan «Re­al»-y,In­za­gi «La­sio»-ny terk et­di. Şeý­le-de ge­çen hep­de«Ýu­wen­tus»-yň özü­niň öň­ki tä­lim­çi­si Al­leg­ri­ni täze­den baş tä­lim­çi­lik we­zi­pe­si­ne bel­län­di­gi­ni-debel­le­mek ge­rek.