«TÄÇ HIL» howa ys berijileriň hem-de suwuk sabynlaryň önümçiligini ýola goýdy

30-31-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumy tarapyndan guralan sergide «TÄÇ HIL» hususy kärhanasy täze önümlerini — taýakly howa ys berijilerini hem-de köpükli suwuk sabynlaryny tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň hünärmeni H.Haljanow täze ýola goýulan önümler bilen bir hatarda, erkekler we zenanlar üçin niýetlenen, döwrebap bezegli aýna çüýşelere gaplanan «Aura» atyrlarynyň görnüşini 30-a ýetirendiklerini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, önümçiligi täze ýola goýulan taýakly howa ys berijilerini, köpükli suwuk sabynlaryny, «Aura» atyrlaryny söwda nokatlaryndan, şeýle hem onlaýn söwda web-sahypalaryndan elýeterli bahalardan satyn alyp bilersiňiz.