20-nji noýabr — Bütindünýä çagalar güni

Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Ýer ýüzünde Bütindünýä çagalar güni bellenilip gelinýär. Bu senäni geçirmek baradaky teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasy arkaly 1954-nji ýylda öňe sürlüp, 1956-njy ýyldan başlap güýje girýär. Bütindünýä çagalar gününi geçirmekden maksat çagalaryň üpjünçiligini gowulandyrmak, olaryň hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak ýaly derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmak bolup durýar. Şu maksat bilen her ýylyň 20-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär, degişli resminamalar kabul edilýär. Olaryň hatarynda 1959-njy ýylda kabul edilen «Çagalaryň hukuklary baradaky deklarasiýany», 1989-njy ýylda kabul edilen «Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýany» mysal getirmek bolar.
BMG-niň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanda hem çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň çäklerinde çagalaryň kämil bilim almaga, bedenlerini berkitmäge bolan mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Dünýäniň iň ösen ülňülerine laýyklykda, enjamlaşdyrylan täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi aýdylanlara güwä geçýär. Bularyň netijesinde, ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülip, körpejeleriň şadyýan gülki sesleri eziz Diýarymyzda bagt mukamy bolup ýaňlanýar.

Batyrmuhammet ORAZOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.