Eýnşteýniň golýazmasy 11,7 million ýewro satyldy

Parižde geçirilen kim ýokary söwdalyşygynda geçen asyryň iň beýik alymlarynyň biri bolan Albert Eýnşteýniň golýazmasy 11.7 million ýewro satyldy. Bu mukdar ylmy golýazmalar üçin rekord bahadyr. Söwdany guraýjylar golýazmany satyn alan adamyň adyny mälim etmediler. Maglumat üçin, bu golýazma 1913-1914-nji ýyllarda ýazylan bolup, ol 54 sahypadan ybaratdyr. Onuň belli bir bölegini Albert Eýnşteýniň özi, galan ýerini bolsa alymyň dosty, şwesiýaly fizik Mikele Besso kagyza geçiripdir. Söwdalardan öň, «Christie’s» akusiýon öýi golýazmany 2-3 million ýewro möçberde bahalapdy.

Gurbanmyrat AŞYROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.