Strategik nebit ätiýaçlyklaryndan peýdalanarlar

ABŞ, Hytaý, Beýik Britaniýa, Hindistan we Koreýa Respublikasy strategik nebit ätiýaçlyklaryndan peýdalanmak barada özara ylalaşyga geldiler. Bu barada ABŞ-nyň resmi çeşmeleri habar berdiler. Beýle karara gelinmegi dünýäniň energetika bazaryndaky bahalaryň gymmatlamagy bilen baglydyr.
Ak öýüň resmi beýanatynda bellenilmegine görä, Hytaý, Hindistan, Beýik Britaniýa we Koreýa Respublikasy tarapyndan ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň strategik nebit ätiýaçlyklaryny peýdalanmak baradaky teklibiniň makullanmagy nebit bazaryna özüniň oňyn täsirini ýetirip, soňky bir hepdäniň dowamynda nebitiň bahasynyň 10% arzanlamagyna şert döredipdir.


Toýly MYRATGELDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.