Radio barada gyzykly maglumatlar

Radionyň oýlap tapylmagy tutuş adamzat jemgyýetinde uly özgerişlere sebäp boldy. Ýüzlerçe kilometr uzaklykdaky adamlar bilen aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýän bu açyş harby ugurdan başlap, senagata çenli özüniň düýpli täsirini ýetirdi. Bu gün biz siziň dykgatyňyza radio hakda bilinäýmeli täsin maglumatlary ýetirmegi makul bildik.

  1. Russiýa Federasiýasynda her ýylyň 7-nji maý senesi radio güni hökmünde giňden bellenilýär. Şeýle-de bolsa geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Russiýada radiosöýerleriň dörtden üç bölegi ony diňe awtoulaglarda diňleýän ekenler.
  2. Meşhur radio alypbaryjy Lewitanyň sesi ýaşuly nesliň aňynda Beýik Watançylyk urşunyň owazy hökmünde möhürlenip galandyr. Gyzykly tarapy, onuň radio çykyşlary şol wagtda ýazgy edilmändir. Taryhy ähmiýete eýedigi sebäpli, ol çykyşlar 5 ýyl soňra täzeden ýazga geçirilýär.
  3. Ilkinji radiony oýlap tapan ynsan Aleksandr Popow, ilkinji radio stansiýany döreden bolsa Nikola Tesladyr.
  4. Häzirki wagtda diňe Parižiň däl, eýsem tutuş Fransiýanyň «ýüzüne» öwrülen Eýfel minarasynyň bize çenli ýetip gelmegine hem radio sebäp bolupdyr. Sebäbi Bütindünýä sergisi üçin bina edilen bu minara ýigrimi ýyl soňra sökülip aýrylmaga degişli edilýär. Şol wagtda meşhur binanyň alnyndan radio direýär. Çünki ol antennalary ýerleşdirmek üçin örän amatly bolupdyr.
  5. Biziň hemmämiz radiotolkun sözüni eşidendiris. Ýöne şol tolkunlary döredijileriň käbir bakteriýalardygyny köpler bilýän däl bolsa gerek. Bu ugurda 2009-njy ýylda başlanan ylmy-barlag işleri häzir doly tamamlanyp, radiotolkunlary käbir bakteriýalaryň döredýändigi doly tassyklanyldy.

Halbibi SATLYKOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.