Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Düýn 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada mfa.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Gepleşikleriň dowamynda iki doganlyk ýurduň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ugurlarda pikir alyşdylar. Hususan-da, söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenilip geçildi. Şeýle-de özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigi, sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki hereketleriň pugtalanýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.
Mundan başga-da, düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari dagy bilen hem ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaşyldy.

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.