Boris Jonson wezipesi bilen hoşlaşdy

Iýul 8, 2022

Boris Jonson Angliýanyň premýer-ministri hem-de Konserwatiw partiýanyň başlygy wezipelerinden gidýändigi barada habar berdi — diýip, «Sky News» teleýaýlymy görkezdi.

Ýöne muňa garamazdan, jenap Jonson Konserwatiw partiýanyň täze başlygy saýlanýança, hökümet başlygy wezipesini ýerine ýetirer.

Maglumat üçin, Boris Jonson 2019-njy ýylyň tomsundan bäri Angliýanyň premýer-ministri wezipesinde zähmet çekip gelýärdi. Ol bu wezipesinden gitmegi bilen, 1900-njy ýyldan bäri iň gysgamöhletli işlän «Iňlis liderine» öwrüldi. Ol 2 ýyl 349 gün Anliýanyň premýer-ministri bolup işledi.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.