Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleri welaýatlara jogapkär edip belledi

Iýul 8, 2022

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýolbaşçylaryň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Balkan welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Daşoguz welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow Mary welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.