Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça gezelenç hem-de welosipedli ýöriş etdi

Awgust 4, 2022
121

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli ýörişi dowam etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen «Awaza» köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady — diýip, TDH habar berýär.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.