N.Amannepesow wise-premýer wezipesine bellenildi

Iýul 8, 2022

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary S.Toýlyýew wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, bu wezipä Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bellenildi.

Degişli Perman esasynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine ozalky ministriň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary A.Germanow bellenildi.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.