Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Awgust 15, 2022
24

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga  gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň ýetendigini hem aýratyn üns çekdi.

Hormatly Prezidentimiz iberen wideo ýüzlenmesinde «...biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.