Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Sentýabr 9, 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Şa zenany Ýelizaweta II ömür ýoly, bitiren asylly işleri hem-de galdyran gymmatly mirasy häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ebedi galar» diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Şa zenany Ýelizaweta II maşgala agzalaryna, şeýle-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Bu barada TDH habar berýär.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.