Bagam adalaryna degişli bolan syýahatçylaryň mesgeni hasaplanylýan Eksuma adasynyň kenarýakasynda 130 müň litr nebit suwa garyldy. Bu barada ada döwletiniň premýer-ministri Çester Kuper mälim etdi.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, nebit dökülmesi Bagamyň «BPL» energiýa kompaniýasy «Sun Oil» tarapyndan kireýlenen «The Arabian» ýük gämisinden ýangyç düşüren mahaly ýüze çykypdyr.
Suwa garylan nebit degişli hünärmenler tarapyndan adanyň golaýyndaky aýlagda ýygnalypdyr.
0 Teswirler