Gyrgyz Respublikasy hem-de Russiýa indi hasap-hesiplerini rubl bilen amala aşyrarlar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew mälim etdi — diýip, «Interfaks» ýazýar.
Ministr Daniýar Amangeldiýew bu ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär:
— Ýangyç we çalgy ýaglary dollar bilen töleg edilýärdi. Sanksiýalaryň ulanylmagy hem-de SWIFT ulgamynyň ýapylmagy bilen, tölegler bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykdy. Şol sebäpli hem Russiýa bilen ähli hasaplamalaryň rublda edilmegine karar berdik. Ýöne hasaplamalar rubla geçensoň, rublyň alyş-çalyş hümmeti güýçlenip başlady, bu bolsa ýangyjyň bahasyna täsir etdi. Şol sebäpli-de kompaniýalara benzin, dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almaklary üçin döwlet tarapyndan goşmaça goldaw berler.
0 Teswirler