Saud Arabystany Gazagystanyň oba hojalygyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu mesele boýunça iki ýurduň döwlet Baştutanlary Saud Arabystanyda geçirilen duşuşykda ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman bin Abdulaziz Al Saud oba hojalyga maýa goýmagyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle-de ähmiýetli maýa goýumlaryň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam berjekdigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Saud Arabystanynyň şazadasyny Gazagystana sapa bilen gelmegi teklip etdi. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.
0 Teswirler