Saud Arabystany 3 müň 300 MWt-lik ýaşyl energiýa desgasyny işe girizer

Sentýabr 26, 2022

Saud Arabystany, gaýtadan işlenip alynýan energiýa pudagynda kuwwatlylygy 3 müň 300 MWt-lik bäş sany taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär diýip, ýekşenbe güni Sowud metbugat gullugy habar berdi.

Ýurtda umumy kuwwatlylygy 1800 MWt-lik üç sany ýel bilen işleýän elektrostansiýany we umumy kuwwatlylygy 1500 MWt-lik iki sany gün elektrostansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu meýilnama «Saudi Arabystany: 2030» strategiki maksatnamasynyň bir bölegidir we Saud Arabystanyň Energetika ministrligi tarapyndan amala aşyrylar.

Bu barada «TASS»-a salgylanyp, «Trend» habar berýär.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.