Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
9 gün 14 sagat öň
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda işjeňleşdirilmegi doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de sebitde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary halkara guramalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Muňa mysal hökmünde agzasak, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC), Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPECA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de onuň gerimini giňeltmekde ähmiýeti uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýadöwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem sebitde ulag-logistika ulgamyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak babatda möhüm ädim ädildi. Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu Ylalaşygyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde halkara gury ýer geçelgeleriniň ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden taryhy çykyşynda: «Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Mundan başga-da, Duşenbe sammitiniň çäginde ulag ulgamynda degişli ýene bir möhüm resminama — Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe Beýannamasyna gol çekildi. Ähmiýeti boýunça örän wajyp bolan bu resminamada, hususan-da, şu aşakdakylar bellenilip geçilýär:

— taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda halkara söwdany we arabaglanyşygy gazanmakda ulag-logistika pudagynyň möhüm ornunyň bardygyny, onuň durnukly söwdany, ykdysady ösüşi we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin esas bolup hyzmat edýändigini ykrar edýärler;

— taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň arasynda toplumlaýyn halkara geçelgeleri we gatnawlary ösdürmek hem-de gowulandyrmak üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalary ulanmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirerler;

— taraplar sebit we beýleki ýurtlaryň arasyndaky ulag ulgamyndaky özara baglanyşygy üpjün etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň logistika hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny ykrar edýärler;

— taraplar sebit we beýleki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammarlary, önümçilikleri we önümçilik desgalaryny döretmek baradaky tagallalaryny dowam etdirerler.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletleri birnäçe iri ulag taslamalaryna bilelikde gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag-üstaşyr taslamasyny, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa multimodal ulag geçelgesini, Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini görkezmek bolar. Bu halkara ulag geçelgeleri Merkezi Aziýa döwletleri üçin Ýakyn Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy.

Perhat ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000