Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
9 gün 14 sagat öň
«GÜNDOGAR AKYMYNYŇ» ÇEŞMESINE BEREKET

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna öwrülýär. Döwletimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy pudagyň wekilleri obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we senagat pudagy üçin çig mal gorlaryny döretmekde oňyn netijeleri gazanýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleridir miweleri öndürýärler. Soňky ýyllarda hususyýetçiler tarapyndan işe girizilen täze önümçilikler çig maly gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleri bilen bazarlarymyzy üpjün etmäge mümkinçilik döretdi. Hususy pudagyň oba hojalygy we azyk senagaty ugrunda öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususy düzümleriň biri-de «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerine mynasyp jogap hökmünde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşmak maksady bilen, daýhanlar we kärendeçiler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we ösümlik ýagy, mal iými, maýonez ýaly önümleri öndürýär.

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetine 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 6 müň gektar ýer bölegi bölünip berildi. Häzirki wagta çenli bu ýeriň 3 müň gektary üstünlikli özleşdirilip, ekin dolanyşygy esasynda onuň 420 gektarynda soýa, 410 gektarynda günebakar, galan böleginde bolsa bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa azyk önümleriniň dürli görnüşlerini taýýarlamakda ulanylýar. Beloklara we beýleki ýokumly maddalara baý bolan bu ekinden et-süýt önümleriniň ornuny tutýan azyk önümleri, ösümlik ýagy, mallar we guşlar üçin iýmleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Hojalyk jemgyýetiniň daýhanlary sentýabr-oktýabr aýlarynda bu ösümlikden bol hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Günebakar çigidi hem hojalyk jemgyýetiniň «Günaý» haryt nyşany bilen öndürýän ösümlik ýagy üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ekiniň galyndysyndan mallardyr guşlar üçin iým taýýarlanylýar.

Hususyýetçi daýhanlar halkymyzda ekinleriň soltanyna deňelýän bugdaýyň ekiş işlerine hem girişip, bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýärler. Olaryň maksatlarynyň myrat tapmagynda döwrebap oba hojalyk tehnikalary uly ähmiýete eýedir. «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda döwlet goldawy esasynda 5 ýyllyk karz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan «John Deere» kysymly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkegleriň we beýleki tehnikalaryň 85-si işledilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ekin meýdanlaryny suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik kärhanasynda oba hojalyk önümleri gaýtadan işlenilip, maýonez we ösümlik ýagy öndürilýär. 2019-njy ýylda kärhanada «Günaý» haryt nyşanly ösümlik ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Geçen ýyl bolsa bu ýerde ýaglylygy 25, 30, 45, 55, 67 göterim derejede bolan maýonezleriň önümçiligine hem badalga berildi. Maýonez önümleri «Günaý» haryt nyşany bilen dürli möçberdäki gaplara gaplanylyp, ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. Olar hili we tagamy boýunça daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsleşmäge ukyplydyr.

Kärhananyň maýonez öndürýän bölüminiň önümçilik kuwwaty sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge niýetle­nendir. Bu kärhana Türkiýe Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem kärhana ýylda 18 müň tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny öndürmäge ukyplydyr.

Hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri obasenagat toplumynda üstünlikli zähmet çekýän telekeçileriň yhlasynyň ýerine düşýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda şeýle telekeçileriň hatarynyň artmagy ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti mundan beýläk hem öndürýän önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini barha artdyrmak, olaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly ildeşlerimizi ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün edip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalarynda işleriň ýola goýluşy we önümleriniň hili onuň belent maksatlara ýetmek ugrunda oňyn netijeleri gazanýandygyny tassyklaýar.

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň daýhanlary we agzybir işgärleri ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe

žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000