«Aýdyň gijeler» ISO halkara hil şahadatnamasyny aldy

Iýul 18, 2022

Kompýuter, elektrik we optiki enjamlary öndürmekde ýöriteleşen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hil dolandyryş ulgamynda halkara standartynyň — ISO 9001: 2015 talaplaryna laýyk gelýändigi üçin sertifikat aldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugynyň maglumatyna esaslanyp, turkmenportal.com habar berýär.

Resminamanyň halkara sertifikat guramasy — CERT International tarapyndan berlendigini bellemelidiris.

Resminama «Halkara Standart Hyzmatlary» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň geçiren bilermenler derejesindäki barlaglarynyň netijesinde berildi. 2021-nji ýylyň noýabryndan 2022-nji ýylyň apreline çenli «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hil dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirdi. Bu döwürde halkara ülňülerine laýyk gelýän ähli zerur işler geçirildi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda döredildi we häzirki günde ýurtdaky has üstünlikli ýokary tehnologiýaly hususy kärhanalarynyň biri bolup durýar.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.