Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet we media ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Watanymyzyň medeniýet ulgamynda ýetilen her bir sepgit dürli jemgyýetçilik işleriniň tutuş toplumyny özünde jemleýär hem-de milletiň ruhy-ahlak baýlygyny artdyrmaga gönükdirilýär.
Habar beriş serişdeleri — munuň özi islendik döwletiň ruhy ahwalatynyň aýnasy bolmak bilen, döwletiň alyp barýan halk we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hem dabaralandyryjysydyr. Döwlet gurluşyny, onuň ýörelgelerini halka düşündirmekde, içeri hem daşary syýasatyň aýdyň maksatlaryny wagyz etmekde, ýurt we dünýä möçberinde bolup geçýän täzelikleri yzygiderli habar bermekde bu ulgam uly ähmiýete eýedir. Ol ilatyň gündelik syrdaşy, has takygy bolsa ruhy iýmitidir.
Adamyň, döwletiň we döwrüň arasynda maglumat dolanyşygynyň çeşmesi bolan habar beriş serişdeleri döräli bäri, kämillik başlangyçlarynyň ençemesini geçmek bilen öz görnüşleriniň we mümkinçilikleriniň gerimini barha giňeldýär. Habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, türkmen milli telewideniýesi özüniň dörän gününden başlap, öz işini kämilleşdirmek ýoluna düşdi.
Häzirki döwürde türkmen telewideniýesi dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda kämil döwrebap serişdeler bilen üpjün edilen Türkmenistanyň teleradioýaýlymlar merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu bina özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýlelikde, teleradio studiýalarynda täze keşp, görnüş we has amatly iş şertleri emele gelýär. Mysal üçin, döwrebap enjamlaryň döredýän mümkinçilikleri bilen baglylykda, teleýaýlymlarda berilýän keşpleriň we şekilleriň durulygy üpjün edilýär. Gepleşikleri surata düşürýän ýokary hilli wideo enjamlar hem şekilleriň dury we aýdyň düşürilmeginde örän ähmiýetli orun eýeleýär. Şonuň ýaly-da, teleýaýlymlarda görünýän esasy şekillerden başga-da, studiýanyň ýa-da surata düşürilýän ýeriň, ýagny köçede, tebigatda, dürli maslahatlarda we mejlislerde, dabara geçirilýän we beýleki ýerlerde ownuk şekilleriniň hem aýdyň we dury görünmegi işiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde tehnologiýanyň ählumumy ösüşi köpçülikleýin kommunikasiýanyň, telewideniýäniň öňünde-de täze mümkinçilikleri açdy. Tehnologiýalaryň, aýratyn-da internetiň ýokary derejede ösmegi bilen teleköprüleri guramak işi hem kämilleşýär.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52°E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Bu emeli hemra ýurdumyzyň teleradio ulgamynyň işini has-da netijeli alyp barmakda, ýagny teleradioýaýlymlarda berilýän şekilleriň, ýazgylaryň hilini ýokarlandyrmakda we göni ýaýlymy guramakda uly mümkinçilikleri döretdi.
Ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli, işe girizilen «Arkadag» teleýaýlymy hem beýleki teleýaýlymlar bilen bir hatarda ildeşlerimize bu şäheriň gözel keşbi, döwrebap şertleri hem-de täzelikleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döredýär.
Döwletimiziň möhüm pudagy bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Dünýägözel TÄÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.