Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
136 gün 12 sagat öň
Owgan ykdysadyýetine nazar

(ýa-da dünýädäki iň hümmetlenen pul we 3 trillion amerikan dollara barabar tebigy magdanlar barada gürrüň)

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan owgan önümleriniň sergisi goňşy ýurduň ykdysady ösüşiň ýoluna düşendigini äşgär edýän bolsa, sergi bilen ugurdaş geçirilýän Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we geriminiň giňeldilmeginde nobatdaky möhüm ädim bolar. Şulary göz öňünde tutup, gazetiň şu günki sanynda owgan ykdysadyýetine ýüzlendik.

Aslynda, Owganystan tebigy baýlyklar babatda ýeterlik gorlara eýe, ykdysady-geografik ýerleşişi boýunça özboluşly mümkinçilikleri bolan döwlet hasaplanýar. Emma birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýurtda ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar owgan ykdysadyýetiniň ösüşine hem ýaramaz täsir etdi. Häzirki wagtda Owganystan Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çalyşýar. Bu tagallalar öz netijesini hem berýär. Muny ýurduň ykdysadyýetindäki öňe ilerlemäniň mysalynda hem görmek mümkin.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy

Soňky birnäçe ýylda Owganystanyň Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygy ýokarlandy. Munuň şeýledigini Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan ýaly Owganystanyň sebitdäki esasy daşary söwda hyzmatdaşlary bilen geçen ýylda amala aşyran özara söwdasynyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça türkmen-owgan söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu 2022-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, biraz artykdyr. Geljekde bu görkezijini has-da ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasy, nebit we gaz Türkmenistanyň goňşy ýurda amala aşyrýan eksportynyň esasy bölegini düzýär. Owganystan bolsa Türkmenistana, esasan, mermer, guradylan miweler, ýeralma we alkogolsyz içgiler ýaly harytlary eksport edýär.

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň habar berşine görä, 2023-nji ýylda bu ýurt bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 266 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 44 million amerikan dollary möçberinde bolandygy maglumat berlipdi. Owganystan Özbegistan bilen özara söwdany ýakyn geljekde 600 million amerikan dollara, uzak geljekde bolsa 3 milliard amerikan dollara çenli artdyrmagy maksat edinýär. Owganystanyň Özbegistana esasy eksport edýän harytlary guradylan miweler, miwe şerbetleri, erik, künji tohumy, haly ýaly önümlerdir. Özbegistandan bolsa owgan bazaryna, esasan, elektrik energiýasy, un, noýba, himiki dökünler hem-de nebit önümleri import edilýär.

Owganystanyň Merkezi Aziýa sebitindäki esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ýene biri Gazagystan bolup, iki ýurduň özara söwdasy 2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 369 million amerikan dollaryna (2023-nji ýylyň jemleri boýuça heniz iki tarap hem maglumatlary metbugata ýaýratmady) deň boldy. 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 1 milliard amerikan dollaryna deň bolandygyny hem bellemek gerek. Geçen ýylyň jemleri boýunça hem owgan-gazak söwda dolanyşygynyň 1 milliardlyk sepgitden geçmegine garaşylýar. Sebäbi diňe 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Owganystanyň Gazagystandan import eden gallasynyň umumy bahasynyň 258 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny, gazak gallasynyň iň esasy üçünji importçysy bolan Owganystanyň sentýabr — dekabr aýlarynda uly mukdarda Gazagystandan bugdaý satyn alandygyny göz öňünde tutsak, iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň 2022-nji ýyldakydan hem ýokary bolandygyny çaklamak mümkin. Owganystan we Gazagystan geljekde özara söwda dolanyşygyny 3 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýärler.

Ýurduň jemi içerki önümi

2023-nji ýylda Owganystanyň jemi içerki önümi 14,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, Owganystanyň jemi içerki önümi 2022-nji ýylda 14 milliard amerikan dollaryna, 2021-nji ýylda bolsa 14,9 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Ýurduň jemi içerki önüminiň 56 göterimi hyzmatlar ulgamynyň, 27,5 göterimi oba hojalygynyň, 12 göterimi bolsa senagatyň paýyna düşýär. Görnüşi ýaly, Owganystanyň jemi içerki önümi 2022-nji ýyldaky peselişden soňra geçen ýylda ýene ösüşli ýola düşdi. Bilermenler muny goňşy ýurtda syýasy ýagdaýlaryň belli bir derejede durnuklaşmagy, häzirki wagtda ykdysadyýetde geçirilýän özgertmeler we ýurduň sebitleýin ykdysady integrasiýa goşulyşmak üçin edýän tagallalary bilen baglanyşdyrýarlar. Geljekde Owganystanda oba hojalygyň ösdürilmeginiň, tebigy baýlyklaryň we dag magdanlaryň özleşdirilişiniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de önümçilikleriň artdyrylmagynyň hasabyna jemi içerki önüm babatda has uly öňe ilerlemeleriň hasaba alynjakdygy çaklanylýar.

Ýurtda ykdysadyýetiň ösüp başlandygyny tassyklaýan ýene bir maglumat — 2023-nji ýylda Owganystanyň milli pul birligi bolan owgany dünýäde iň hümmetini artdyran pul boldy. Has takygy, 2023-nji ýylda owgany 28 göterim hümmetlendi. Şeýle bolansoň, halkara bilermenler owgan ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda hem ösüş depginini saklajakdygyna şübhelenmeýärler.

Owganystanyň tebigy

baýlyklary we dag magdanlary

Owgan topragy tebigy baýlyklara we dag magdanlara baý ýerleriň biri hasaplanýar. Hususan-da, Owganystanda şu asyrdaky iň zerur magdanlaryň (elementiň) biri bolan litiniň dünýädäki örän uly gorlary ýerleşýär. Hasaplamalara görä, bu gorlaryň umumy bahasy 1 trillion amerikan dollaryna deňdir. Litiniň bahasynyň we oňa bolan zerurlygyň ýylsaýyn artýandygyny hasaba alsak, bu görkezijiniň 1 trillion dollardan hem barha ýokarlanýandygy düşnüklidir. Maglumat üçin bellesek, litiý batareýalary we kuwwatlandyryjy gurluşlary öndürmekde esasy orny eýeleýär. Häzirki wagtda dünýäde elektronika enjamlarynyň barha artmagy, hatda daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik maksady bilen, ulaglaryň hem elektrik kuwwatyna geçirilmegi dünýä bazarynda litä bolan zerurlygyň günsaýyn artmagyna şert döredýär. Statistik maglumatlar 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2040-njy ýylda dünýä bazarynda litä bolan islegiň 40 esse artjakdygyny çaklaýar. Ine, şu maglumatlar hem Owganystanyň strategik magdan bolan litiniň uly gorlaryndan netijeli peýdalanyp, ýurduň ykdysadyýetini doly aýaga galdyryp biljekdigine şaýatlyk edýär. Litiniň esasy gorlary ýurduň Panjşer, Kunar, Badahşan, Nuristan, Nangarhar, Lagman, Kapisa we Logar sebitlerinde ýerleşýär. Olary özleşdirmek taslamalaryna gatnaşmak üçin häzirki wagtda ýerwopaly, hytaýly, amerikaly we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary uly gyzyklanma bildirýärler hem-de dürli teklipler bilen çykyş edýärler. Meselem, Hytaýyň «Gochin» kompaniýasy geçen ýyl Owganystandaky litiý gorlaryny özleşdirmäge 10 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Munuň özi bu gorlardan owgan halkynyň bähbidine uly girdeji gazanmaga mümkinçilikleriň örän köpdügine güwä geçýär.

Mundan başga-da, Owganystanda lazurit, zümerret, kümüş, altyn, sink, mermer, mis, demir ýaly beýleki tebigy baýlyklaryň we dag magdanlarynyň uly gorlary bar. Olaryň umumy bahasy 3 trillion amerikan dollaryndan hem gowrak diýlip hasaplanylýar.

Owganystanyň oba hojalygy

Owganystan diňe tebigy baýlyklara baý döwlet däl, eýsem, oba hojalykda ýetişdirilýän azyk önümlerini öndürmek we eksport etmek babatda hem uly mümkinçiliklere eýe. Mysal üçin, Owganystan 2023-nji ýylda 5 million tonna bugdaý öndürip, bu ugurda dünýäde 27-nji orny eýeledi. Mundan başga-da, Owganystan mäş, künji, mekgejöwen, guradylan miweler ýaly oba hojalyk önümlerini uly möçberde öndürýär we daşarky bazarlara hem iberýär. Soňky ýyllarda ýurtda oba hojalyga berilýän üns has-da artýar. Muňa mysal hökmünde geçen ýyl Owganystanda bugdaý ekilen meýdanlaryň 160 müň gektar artandygyny görkezip bileris. Şeýle özgertmelerden gözlenilýän esasy maksat, ilkinji nobatda, ýurduň içindäki azyk önümlerine bolan zerurlygy kanagatlandyrmak bolup durýar. Çünki ýylda 5 million tonna bugdaý hasylyny alýandygyna garamazdan, Owganystan içerki zerurlyk üçin Gazagystandan hem bugdaýyň we unuň uly mukdaryny import etmeli bolýar.

Owganystanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri

Owganystanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri barada gürrüň gozgalanda, ol Hindistan, Pakistan ýaly örän uly depginde ösüp barýan bazarlara çykmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy köprüsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň halkara ulag geçelgelerine işjeň gatnaşmagy hem bu ýurduň özi üçin, hem sebitiň beýleki döwletleri üçin bähbitlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Merkezi Aziýa döwletleri Owganystanyň ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň goldaw berýärler. Mysal hökmünde ýakyn wagtda Türkmenistanyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda Turgundy demir ýol menzilini döwrebaplaşdyrmaga girişiljekdigini, Özbegistanyň häzirki wagtda umumy bahasy 129 million amerikan dollarlyk taslama bolan Haýraton (Özbegistan) — Mazari-Şerif (Owganystan) demir ýolunyň gurluşygyny alyp barýandygyny agzap bileris. Häzirki wagtda amala aşyrylýan şeýle taslamalar Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesiniň hem işjeňleşmegine oňyn täsir eder. Owganystan soňky ýyllarda özüniň üstaşyr mümkinçiliklerini goňşy ýurtlaryň bähbitleri üçin hem işjeň hödürleýär. Meselem, 2023-nji ýylda Owganystan özüniň çäginden Türkmenistanda öndürilen suwuklandyrylan gazyň we nebit önümleriniň Pakistana eksport edilmegine rugsat berdi. Şeýle çözgütler bolsa taraplaryň ählisi üçin bähbit getirýär.

Dürli ulag-logistika taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, Türkmenistan Owganystana demirýolçulary taýýarlamakda hem goldaw berýär, ýagny owganystanly demirýolçylar Türkmenistanda hünärlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Mysal üçin, 2023-nji ýylda owganystanly demir ýol işgärleriniň birnäçesi «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär tehniki okuw mekdebinde dört aýlyk okuwy tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnamalaryň eýesi boldular.

Türkmen-owgan gatnaşyklary

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar, ilkinji nobatda, hoşniýetli goňşuçylyga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyga we özara bähbitlere hormat goýmaklyga esaslanýar. Türkmenistan goňşy Owganystanda durnukly ykdysadyýeti dikeltmek, owgan halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin dostana goldaw berýär. Owganystana elýeterli bahadan türkmen elektrik energiýasynyň eksport edilmegi hem muňa mysaldyr. Şol maksat bilen 2024-nji ýylda hem türkmen elektrik energiýasynyň 1,8 milliard kilowat/sagady owgan bazaryna iberiler. Häzirki zaman dünýäsinde ýurtlardaky önümçiligiň elektrik energiýasyna baglydygyny hasaba alsak, türkmen elektrik energiýasynyň elýeterli bahadan Owganystana iberilmegi hem özboluşly ykdysady goldawdyr diýip bileris.

Owganystanyň sebitleýin uly göwrümli taslamalara gatnaşmagyny gazanmak üçin hem türkmen tarapy uly tagallalary edýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan  — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisini hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny görkezmek bolar. Geljekde bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystanda täze iş orunlary dörär, gazyň we elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirilendigi üçin alynýan töleg ýurda goşmaça girdeji getirip, ahyrky netijede, owgan halkynyň haýryna hyzmat eder. Şeýle bolansoň, golaýda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow we beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerinde hem ýokarda agzalan taslamalary durmuşa geçirmek esasy temalaryň biri boldy. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, ulag-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilip, öňde durýan wezipeler aýdyňlaşdyryldy. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Türkmenistan hoşniýetli goňşy hökmünde Owganystan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmäge hemişe ygrarly bolmagynda galýar.

 

Mätgurban MÄTGURBANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

«Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000