Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
279 gün 15 sagat öň
Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika we ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Hyzmatdaşlygyň

ýangyç-energetika ugry:

Iki goňşy ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika taslamalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan — Owganystan — Paki­stan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi (TOPH) Owganystanyň ykdysady ýagdaýyny kadalaşdyrmakda möhüm taslamalaryň biridir. Geljekde türkmen mawy ýangyjy owgan halkynyň törüni ýyladar. TOPH taslamasynyň çäklerinde Owganystan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden uly girdeji gazanar, taslama owgan ykdysadyýetine halkara maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine mümkinçilik döreder. Bar bolan maglumata laýyklykda, 800 kilometre golaý çäginden türkmen gazyny üstaşyr geçirmekden Owganystan ägirt uly ykdysady peýda — 1 milliard amerikan dollary töweregi girdeji gazanar we ýurtda 12 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik energiýany diňe Owganystana däl-de, eýsem, onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem ibermek, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan —Pakistan taslamalaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýan bu taslamalar sebitara utgaşygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hyzmatdaşlygyň

ulag-kommunikasiýa ugry:

Ulag-kommunikasiýa pudagy iki ýurduň hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýedir. 2013-nji ýylyň 20-nji martynda döwlet Baştutanlary Aşgabatda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýoluny gurmak barada ylalaşdylar. 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda üç ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda bu demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Lebap welaýatynda Ymamnazar — Akina demir ýol bekedinde transmilli polat ýoluň — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Şeýle-de 2018-nji ýylyň fewralynda Serhedabatda türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoly açyldy. 2019-njy ýylyň iýul aýynda Farýab welaýatynyň Akina menzilinde demir ýoluň 10 kilometrlik şahasynyň, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berlendigini bellemek gerekdir.

Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň barşynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. 2014-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa bu taslama Türkiýe Respublikasy hem goşuldy. Taslama gatnaşyjy

döwletler, 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Ýeri gelende ýatlasak, bu taslama ýöne ýere Lapis Lazuli ugur boýunça Ylalaşyk adyny almady. Ol gadymyýetde Owganystanyň üstünden geçen kerwen ýollary arkaly daşalan gymmatbaha harydyň zümerret daşynyň ady bilen baglydyr. Gök-çal reňkde bu daş orta asyrlarda «lýapis-lazur» diýip atlandyrylypdyr. Dünýäde onuň iň köp gazylyp alynýan ýerleriniň biri Owganystanyň Badahşan welaýatydyr. Taryhy maglumatlar owgan lazuritiniň Troýa, Wizantiýa, Rime, Müsür patyşalarynyň köşklerine çenli aralaşandygyny habar berýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kerwenleriň esasy harytlarynyň arasynda lazuritiň hem bolandygy hakynda şeýle ýazýar: «Hünärmenleriň bir topary bolsa gadymyýetiň gatnaşyklarynyň gan-damary hasaplanýan taýsyz halkara söwda ýolunyň şeýle atlandyrylmagyny taryhy jähetden bärden gaýtmak hasap edýärler, sebäbi dürli ýazuw çeşmeleri, maglumatlar ýüpek bilen deň derejede nefritiň, lazuritiň hem söwda kerwenleriniň esasy harytlarynyň biri bolandygyny tassyklaýar». Taryhy Ylalaşyga gol çekilmegi netijesinde 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Netijede, 2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Hyratdan üsti ýükli awtoulag kerweni dabaraly ýagdaýda Turgunda tarap ugradyldy. Ýük kerwenleri türkmen-owgan serhedinden geçip, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugur aldy. Soňra şol ýerden ýolagçy-ulag gämi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna, şol ýerden hem Gruziýanyň üsti bilen dekabr aýynyň 31-ne Türkiýä bardy.

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Owganystanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen dürli derejede duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şolaryň hatarynda taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we döwletleri birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.

Netijede, Türkmenistan bilen Owganystan ýangyç-energetika we ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, umumy tagallalary birleşdirmekde sebitleýin hem-de ählumumy derejede ulgamlaýyn ykdysady bähbitli infrastrukturanyň döredilmegine saldamly goşandyny goşýarlar.


Perhat ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler

ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000