Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
136 gün 10 sagat öň
SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI:Ýaponiýa

Soňky ýyllarda dünýä ýurtlary sirkulýar ykdysadyýete (ýapyk dolanyşykly ykdysadyýete) geçmekde özboluşly çemeleşmeleri ulanýarlar. Ýaponiýa sirkulýar ykdysadyýete geçmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Ykdysadyýetiň bu nusgasynyň hereket etmegi üçin Ýaponiýada üç derejeli kanunçylyk binýady kabul edilýär:

1) Esasy kanunlar: Daşky gurşaw hakynda kanun (1993 ý); Sirkulýar jemgyýeti döretmek hakynda kanun (2000 ý).

2) Goşmaça kanunlar: Galyndylaryň dolanyşygy hakynda kanun (1970ý.); Resurslary netijeli peýdalanmaga ýardam etmek hakynda kanun (2000 ý. Bu kanun «3R» — reduce (azaltmak), reuse (gaýtadan ulanmak), recycle (gaýtadan işlemek) ýörelgesine esaslanýar); Ekologik satyn almalar hakynda kanun (2012ý.).

3) Pudaklaýyn kanunlar: Gaplary we gaplamalary aýratyn saýlamagy we gaýtadan işlemegi goldamak hakynda kanun (1995 ý); Durmuş tehnikalaryny gaýtadan işlemek hakynda kanun (2001 ý); Iýmit galyndylaryny gaýtadan işlemek hakynda kanun (2001 ý); Gurluşyk materiallaryny gaýtadan işlemek hakynda kanun (2002 ý); Ulanyş möhleti tamamlanan awtoulaglary gaýtadan işlemek hakynda kanun (2002 ý); Oba hojalygy, deňiz we tokaý resurslaryny bioýangyç hökmünde ulanmak hakynda kanun (2009 ý); Elektron önümlerini gaýtadan işlemek hakynda kanun (2012 ý).

Kabul edilen kanunlar sirkulýar ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde wajyp orny eýeleýärler. Resurslary netijeli peýdalanmaga ýardam etmek hakynda kanunyň esasy maksady çig mallaryň täzeden dolanyşygyny üpjün etmekden, galyndylaryň mukdaryny azaltmakdan we olary gaýtadan ulanmakdan ybaratdyr. Şeýle talaplara önümleriň we hyzmatlaryň tutuş durmuş dolanyşygy laýyk gelmelidir: taslamak tapgyrlary, çig mallary çykarmak, daşamak, öndürmek, ulanmak, enjamlary sökmek, önümi gaýtadan ulanmak we ýok etmek.

Sirkulýar jemgyýetini döretmek hakynda kanuna laýyklykda, Ýaponiýa «dogry material dolanyşyk» jemgyýetini gurmagy wezipe edinýär. Bu kanunyň çäklerinde durnukly resurs dolanyşykly jemgyýeti gurmagyň meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar:

– durnukly resurs dolanyşykly jemgyýeti gurmagyň meýilnamasy (2003 ý);

– durnukly resurs dolanyşykly jemgyýeti gurmagyň ikinji meýilnamasy (2008 ý);

– durnukly resurs dolanyşykly jemgyýeti gurmagyň üçünji meýilnamasy (2013 ý).

Birinji meýilnama üç esasy maksada ýetmegi göz öňünde tutýar:

a) resurslaryň öndürijiligini artdyrmak, ýagny önümleriň jemi gymmatynyň we dolanyşyga göni çekilýän materiallaryň mukdarynyň gatnaşygy;

b) materiallary ulanmagyň dolanyşyk derejesini ýokarlandyrmak, ýagny materiallaryň gaýtadan ulanylan umumy mukdarynyň we dolanyşyga göni çekilýän materiallaryň umumy mukdarynyň gatnaşygy;

ç) galyndylaryň gömülýän mukdaryny azaltmak.

Ikinji meýilnamada has ýokary mukdar görkezijileri kesgitlenýär, şeýle hem uzak möhlet bilen ulanylýan harytlara artykmaçlyk bermek we olary seçip almak zerurlygy göz öňünde tutulýar.

Üçünji meýilnama «durnukly material dolanyşygynyň resurslary» atly täze adalgany ulanyşa girizýär. Bu adalga ähli resurslary degişli usullar arkaly galyndylardan alyp bolýandygyna we onuň ulanyşa girizilmegi bolsa ýapyk dolanyşykly ykdysadyýete geçmek ýolunda täze tapgyryň başlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Durmuş tehnikalaryny gaýtadan işlemek hakynda kanun sowadyjylara, telewizorlara, kir ýuwýan maşynlara we ş.m. degişlidir. Bu kanun öndürijileri we satyjylary serişdeleriň netijeli ulanylmagyny hem-de galyndylaryň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegini üpjün etmegi borçlandyrýar. Ulanmakdan galan durmuş enjamlary öndürijileriň guran gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenen zawodlaryna iberilýär. Şunda durmuş enjamlaryny ýygnamak, daşamak we gaýtadan işlemek hyzmatlary sarp edijiler tarapyndan tölenýär. Adatça, dikeldilen materiallar şol bir önümi öndürmekde ulanylýar. Bu ulgam ýapyk dolanyşykly ykdysadyýetiň esasy ýörelgelerine esaslanýar.

Ulanyş möhleti tamamlanan awtoulaglary gaýtadan işlemek hakynda kanuna laýyklykda, ulanyş möhleti geçen awtoulagy (ELV) gaýtadan işleýän täze ulgam döredilýär. Bu ulgam awtoulaglary ýygnamak, sökmek we gaýtadan işlemek pudagyny ösüşiň täze tapgyryna çykarýar. Gaýtadan işlemegiň dowamynda awtoulag sökülýär, soňra degişli detallar we bölekler öň ulanylan ätiýaçlyk şaýlary görnüşde gaýtadan ulanylýar ýa-da satylýar. Gaýtadan ulanyp bolmaýan bölekler we detallar çig mal hökmünde gaýtadan işlenilýär.

Ýaponiýanyň hökümeti ykdysady subýektleriň sirkulýar ykdysadyýeti çygryndaky başlangyçlaryny we gazanan netijelerini höweslendirýär. Muňa mysal edip, eko-senagat parklaryny döretmek boýunça maksatnamalary görkezmek bolar. Kawasaki eko şäheriniň kompaniýalary metallurgiýa, himiýa, nebit-himiýa, sement we beýleki pudaklaryň polietilen gaplary, kagyz, elektrik enjamlary ýaly senagat galyndylarynyň ýüzlerçe tonnalaryny gaýtadan işleýärler ýa-da ulanýarlar. Bu şäherde «Wodorod jemgyýetini döretmegiň strategiýasy» işlenip taýýarlanylýar. Onuň çäginde wodorody gaýtadan işlemekden energiýa almak, wodorody öndürmegiň çeşmesi hökmünde bolsa plastik galyndylaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ýaponiýa sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmegiň çygrynda iýmit galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde oba hojalygy üçin dökünleri öndürmekde ýa-da energiýa almakda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Şeýlelikde, Ýaponiýa giň kanunçylyk binýadyny ulanyp, sirkulýar ykdysadyýete geçmekde merkezleşdirilen çemeleşmeleri ulanýar.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

ylmy işler boýunça prorektory,

ykdysady ylymlarynyň kandidaty.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000