Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
129 gün 21 sagat öň
Russiýada üç sany täze ykdysady sebit dörediler

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin şenbe güni üç sany täze ykdysady sebiti döretmek hem-de ozal  bar bolan iki sany sebitini giňeltmek baradaky karara gol çekdi.

Russiýanyň hökümetiniň web sahypasynda çap edilen karara görä, Mordowiýa Respublikasynyň çäginde, Twer we Rostow sebitlerinde täze ykdysady sebiti peýda bolar.

Russiýanyň hökümetiniň belleýşi ýaly, Russiýada täze ykdysady sebitler önümçilik pudagyny, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny, syýahatçylygy we port infrastrukturasyny ösdürmek üçin döredildi. Şeýle-de ýurduň täze ykdysady sebitleriniň ýaşaýjylary salgyt ýeňilliklerinden we gümrük artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilerler.

Ýazbegenç NURJYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

10.03.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000