Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
62 gün öň
Diýarymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

  Bagtyýar zamanamyzda durnukly ösüşi nazarlaýan ugurlar Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli çykyşlarynda aýratyn üns merkezinde saklanýar. Häzirki wagtda halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň ösüşine ýardam bermäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň netijeli çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýän hemişelik Bitaraplygymyz durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.

    Ýurdumyzyň Söwdaenagat edarasynda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, şeýle-de türkmen telekeçileriniň wekilleriniň daşary ýurtlardaky sergilere, forumlara gatnaşmagy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagyna iňňän uly ýardam edýär. Muňa 15-17-nji maý aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler  zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň ýokary derejede  guralmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sergi meýdançasynda ýerli hem-de we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzlerçesi alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda  Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan wekiller hem bar.

   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde, halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy saklamak we pugtalandyrmak, köp döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna ygrarly bolmak ýaly başlangyçlary döwletimiziň daşary syýasatynyň özeni boldy.

 Watanymyzy belentden-belent  ösüşleriň aýdyň menzillerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

   Durdymuhammet Baýmuhammedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

17.05.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000