Birža söwdalary

Iýul 24, 2022

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 18-23-nji iýuly aralygynda geçirilen birža söwdalarynda ge­le­şik­le­riň 73-si ha­sa­ba alyn­dy. 

Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, BAE-den we Gazagystan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän zawod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, aw­to­ben­zi­ni, arassalanan di­zel ýan­gy­jy­ny, gö­ni iş­le­nen ben­zi­ni we teh­ni­ki kü­kür­di sa­tyn aldylar. Şol san­da Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da öndürilen dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 41 mil­li­on 403 müň 150 dol­la­ry­na 

deň bol­dy.

Ma­nat se­riş­de­si­ne Tür­ki­ýe­den we BAE-den ge­len işe­wür­ler Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 2 mil­li­on 362 müň 500 ma­nat­lyk nah ýüp­lü­gi­ni sa­tyn al­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 80 mil­li­on 271 müň 500 ma­nat­lyk­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li po­lie­ti­le­ni, pag­ta sü­ýü­mi­ni we el ha­ly­la­ry satyn al­dy­lar.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.