Söwda-senagat edarasynda özara söwdanyň päsgelçiliklerine garşy göreşmegiň usullary bilen tanyşdyryldy

Iýul 25, 2022

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «GDA agza döwletleriň özara söwdasynyň päsgelçilikleri we olary aradan aýyrmak bilen bagly teklipler hakynda» ady bilen onlaýn maslahat geçirildi. Ol GDA-nyň söwda senagat palatasynyň ýolbaşçylar Geňeşi tarapyndan guraldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. 

Onlaýn maslahata Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda Arkalaşyga agza döwletleriň özara söwdasynyň päsgelçiliklerini ýüze çykarmak boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp barýan işleri barada maglumat berildi. Mundan başga-da, bu işe işewürler toparlarynyň we GDA döwletleriniň söwda senagat palatasynyň agzalaryny çekmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Onlaýn maslahata gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerinden hem-de telekeçilerden ybarat bolan hemişelik Iş toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.