Hümmetsizlik agyz urýar: McDonald's 14 ýylyň içinde ilkinji gezek Beýik Britaniýada çizburgeriň bahasyny galdyrdy

Iýul 27, 2022

McDonald's 14 ýylyň içinde ilkinji gezek Birleşen Korollygynda nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda, çizburgerleriň bahasyny 99 pensodan (1,18 ýewro) 1,19 funt sterlinge (1,41 ýewro) çenli ýokarlandyrdy.

Tiz tagam restoranlar tory çarşenbe güni il içinde ýoň bolan, arzan bahaly burgeriniň bahasyny-da ep-esli galdyrdy.

McDonald's-yň Beýik Britaniýa we Irlandiýa boýunça ýerine ýetiriji direktory Alister Makrou öz müşderilerine ýollan elektron hatynda: kompaniýanyň ýangyç, zähmet haky we azyk önümleri bilen dahyllylykda, baha babatda kyn meselä düşendiklerini ýazýar.

Ýurtda süýt, ýag, ýumurtga ýaly azyk önümleriniň bahalary üzül-kesil ýokarlananlygy sebäpli, iýmitiň bahasy-da 9,8 % ýokarlandy.

"Iýmiti elýeterli nyrhdan satmaga ymtylýandyklaryna garamazdan, bu tomusda restoranlar hümmetsizlenişiň has ýiti täsir etmegi netijesinde, menýudaky tagamlaryna 10-dan 20 penso çenli goşarlar" diýip, Beýik Britaniýadaky burgerler torunyň ýolbaşçysy aýdýar.

Bahanyň ýokarlanmagy "McNugget" aksiýaly uly gaplara, uly porsiýaly kofelere, ertirliklere, şeýle-de ortatap tagamlardan başlap, uly tagamlara çenli täsir eder.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.