«Awaza» MSZ-e gelýän raýatlar «Awaza söwda merkezi» internet-dükanyndan peýdalanyp bilerler

Iýul 30, 2022

Tomusky dynç alyş möwsümini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirjek raýatlar indi bu ýerde ýerleşen «Awaza söwda merkezi» internet-dükanyndan peýdalanyp islendik harytlary sargyt edip bilerler.

«Awaza» söwda merkeziniň bu internet dükany sargyt edilen harytlary zolagyň islendik ýerlerine eltip berer. Internet dükanynda «Iýmit önümleri», «Şahsy gözellik we ideg», «Arassaçylyk we hojalyk» hem-de «Taýyn tagam eltip bermek» diýen 4 sany esasy bölümler bar. Olarda bölüme laýyklykda, harytlar ýerleşdirilendir.

Aýratyn-da, internet dükanyň «Iýmit önümleri» bölüminde ýerleşdirilen et we şöhlat önümleriniň, balyklaryň, konserwirlenen önümleriň, ter gök-bakja önümleriniň we beýleki zatlaryň amatly bahalardan ýetirilmegi üns çekijidir.

«Şahsy gözellik we ideg» bölüminde bolsa dynç alyşda gündelik gerek bolan harytlar — bedene, saçlara ideg etmek üçin önümler, dezodorantlar we beýleki harytlar ýerleşdirilendir.

Sabyn, süpürgiç, çaga pampersleri we şu hili harytlary «Arassaçylyk we hojalyk» bölüminden tapmak bolýar.

Taýýar naharlary, şol sanda manty, börek, pizza we somsa ýaly tiz tagamlary «Taýyn tagam eltip bermek» diýen bölümden sargyt edip bilersiňiz.

Belläp geçsek, harytlary sargyt etmek we naharlary etlip bermek hyzmaty «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägine gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylýar.

Şeýle-de dükanyň haryt görnüşleri günsaýyn täze önümler bilen üpjün edilýär.

«Awaza söwda merkeziniň» habarlaşmak üçin salgylary:

  • Telefon belgileri: +99361427995; 8(243)57837;
  • Elektron poçta salgysy: awazasowdamerkezi2022@gmail.com

Dükana aýlanyp gerekli bolan zatlarynyň söwdasyny etmek isleýän raýatlar bolsa dynç alyş zolagynyň amatly böleginde ýerleşýän  «Awaza» söwda merkezine baryp islendik harytlary satyn alyp bilerler. Dükan günde sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.