Ýurdumyzda mekdep bazarlary işläp başlady

Awgust 3, 2022
56

Her ýyl däbe öwrülen — täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan mekdep bazarlary bu ýyl hem öz işine başlady.

Göze gelüwliligi, elýeterliligi bilen tapawutlanýan okuw esbaplarynyň aglaba böleginiň ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan öndürilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen okuw esbaplary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynda dürli ölçeglerde tikilen mekdep lybaslary, hem mekdep bazarlarynyň tekjelerini bezeýän, hem müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan harytlaryň hatarynda.

Mekdep bazarlaryndaky ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen okuw esbaplary diňe bir göze gelüwliligi bilen tapawutlanman, eýsem, ýokary hilliligi bilen-de alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna» haryt nyşanly okuw esbaplary taryhymyzy beýan edýän gadymy ýadygärliklerdir ajaýyp zamanamyzyň ösüşleriniň beýany bolan owadan binalaryň suratlary bilen bezelipdir.

Tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şagalaň bilen geçirýän çagalar şu günler söwdasy gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny höwes bilen satyn alýarlar.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.