Söwda

Söwda
420 gün 12 sagat öň
Ýurdumyzda azyk harytlaryň bahalary arzanlaýar

Şu günler oba hojalygynda öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagy netijesinde, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň bahalary barha arzanlaýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň diňe bir sebitinde — Lebap welaýatynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň bahalaryna ser salanymyzda hem göz ýetirmek bolýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalada sebitde azyk harytlaryndan almanyň bahasy geçen ýylyň 6 aýyndakydan 40,75 göterim, pomidoryň bahasy 32,99 göterim, hyýaryň bahasy 25 göterim, ýeralmanyň bahasy hem 16,07 göterim arzanlandygy aýdylýar. Gök we bakja önümleriniň bahasynyň arzanlamagy sebitde öndürilýän azyk harytlarynyň möçberiniň geçen ýylyň 6 aýyndakydan görnetin artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Belläp geçsek, geçen 6 aýda Lebap welaýatynda gök önümleriň 44,5 müň tonnasy, ýeralmanyň 73,9 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň hem 14,2 müň tonnasy öndürildi.

Ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň artmagynda hususy taraplaryň aýratyn orny bardyr. Iýun aýynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere 150 million, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekipdi.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000