«Huawei» Russiýadaky internet-dükanyny ýapdy

Awgust 5, 2022
51

Hytaýyň smartfon hem-de noutbuk öndürýän «Huawei» kompaniýasy özüniň Russiýadaky «Vmall» internet-dükanyny ýapdy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşuna görä, internet-dükanynyň satuwlary 1-nji awgustda sagat 10:00-da togtadylypdyr.

Belläp geçsek, iýun aýynyň başynda «Huawei» kompaniýasy Russiýadaky resmi söwda nokatlaryny ýapmaga başlapdy. «РИА Новости»-niň ýazmagyna görä, 8-nji iýunda kompaniýanyň 4 dükany işini bes etdi. Dükanlaryň ýapylmagyna esasy sebäp hökmünde ammarlarda önümleriň azalmagy hem-de smartfonlara bolan islegiň peselmegi görkezilýär.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.