«Snickers» Hytaýdan ötünç sorady

Awgust 6, 2022
56

«Snickers» brendi hem-de onuň eýesi «Mars Wrigley» kompaniýasy mahabatlarynyň birinde Taýwany ýurt diýip atlandyrany üçin, Hytaýdan resmi taýdan ötünç sorady.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, «Snickers» öz saýtynda hem-de beýleki sosial torlarda Aziýa üçin mahabatyň bir bölegi hökmünde wideorolik ýerleşdirýär. Şonda Malaýziýa, Koreýa Respublikasy bilen bilelikde, Taýwany aýratyn ýurt hökmünde agzap geçýär.

— Biz «Snickers» bilen bagly paýlaşylan mahabata täzeden göz geçirenimizde, ýalňyşymyzy gördük. Goýberilen säwligi haýal etmän düzetdik we munuň üçin Hytaýdan ötünç soraýarys. «Mars Wrigley» kompaniýasy Hytaýyň milli özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine hormat goýýar we işini Hytaýyň içerki kanunlaryna laýyklykda alyp barýar — diýip, kompaniýanyň «Weibo» sosial ulgamyndaky beýanatynda aýdylýar.

Maglumat üçin, Taýwan hakykat ýüzünde Hytaýdan aýry ýurt hökmünde tanalýan-da bolsa, resmi taýdan «Hytaý Respublikasy» adyny saklaýar. Onuň öz konstitusiýasy, goşuny we saýlanan hökümeti bar. Raýatlyk urşundan hem-de 1949-njy ýyldaky kommunistleriň ýeňşinden soň, Taýwan saýlanan hökümetini Hytaýyň ýeke-täk kanuny dolandyryş guramasy hasaplaýar. Pekin bolsa Taýwany özüniň bir welaýaty hökmünde ykrar edýär.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.