Russiýa bilen Hytaýyň arasynda 6 aýyň dowamynda söwda dolanyşygy ABŞ-nyň takmynan 100 milliard dollaryna barabar boldy

Sentýabr 15, 2022

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 97,7 milliard dollara barabar boldy, Hytaýyň Russiýadan importy 49% ýokarlandy diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çan Hanhueý Gündogar Ykdysady Forumynda (WEF) wideo aragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de ol Hytaýyň soňky 12 ýylyň dowamynda Russiýanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagyna galýandygyny belledi. Bu barada «TASS»-a salgylanyp, «Trend» habar berýär. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.