Birža söwdalary

Iýul 16, 2022

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 11-16-njy iýuly aralygynda geçirilen birža söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Ermenistandan, Owganystandan, BAE-den, Özbegistandan we Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini, awtobenzini we yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Şeýle-de Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen guradylan, arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 55 million 399 müň 550 dollaryna deň boldy.

Manat serişdesine Türkiýeden we BAE-den gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 13 million 715 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.