Türkiýede öndürilen elektrik enjamlarynyň eksporty 8 aýda ABŞ-nyň 9,6 milliard dollaryna ýetdi

Sentýabr 26, 2022

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkiýeden elektronikanyň we elektrotehniki enjamlarynyň eksportynyň mukdary, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 % ýokarlandy we ABŞ-nyň 9 milliard 620 million dollaryna barabar boldy diýip, Türkiýanyň eksportçylar assambleýasynyň ýaýradan habarynda aýdylýar. Assambleýanyň maglumatyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýeden elektronikanyň we elektrotehniki enjamlaryň eksporty ABŞ-nyň 1 milliard 204 million dollaryna deň boldy, şu ýylyň degişli döwründe bolsa, bu görkeziji 4,3 % ýokarlandy we ABŞ-nyň 1 milliard 256 million dollaryna barabar boldy.

Beýik Britaniýa 2022-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýänyň elektronika pudagyndan import etmekde birinji boldy – ABŞ-nyň 129 million dollary. Ondan soň Germaniýa – ABŞ-nyň 110 million dollary, üçünji ýerde bolsa Fransiýa – ABŞ-nyň 68 million dollary. Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkiýänyň bu pudagy Beýik Britaniýa ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna, Germaniýa ABŞ-nyň 873 million dollaryna we Fransiýa ABŞ-nyň 556 million dollaryna barabar önümini eksport etdi.

Bu bara «Trend» «Anadoly»-a salgylanyp habar berýär.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.