Söwda

Söwda
15 gün 11 sagat öň
Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 25-26-njy iýunynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň 160-dan gowragyndan 600 töweregi wekil gatnaşdy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda «EKSPO — 2025-de» Türkmenistanyň Milli pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalar boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejededigini, bu ugurdaky işleriň netijeli guralýandygyny nygtady hem-de ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, yglan edilen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň Bütindünýä sergisinde Milli gününi geçirjek ilkinji ýurt boljakdygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Has takygy, bu dabara 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilip, şol gün Türkmenistanyň sergidäki Milli pawilýony aýratyn joşgunly bolar: hormatly myhmanlar çagyrylar, tematik sergiler guralar we medeni çäreler geçiriler.

Şeýle-de Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýonynda ýurdumyzyň milli medeni baýlyklary, ahalteke atlary, milli el halylary, öndürilýän önümler, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ýeten sepgitleri görkeziler hem-de türkmen milli naharlary, sowgatyk önümler bu abraýly forumyň myhmanlaryna hödürleniler.

Maglumat üçin, Türkmenistan 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Milli pawilýony üçin bölünip berlen ýer bölegini ilkinji ýurt hökmünde aldy hem-de wagtynda gurluşyga başlady. Häzirki wagtda güýçli depginde gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallaryň ulanylýandygy hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

«Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000