Söwda

Söwda
13 gün 10 sagat öň
Penşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, oba hojalyk, ýeňil senagaty önümleri hem-de Türkmen el halysy satyldy

Penşenbe güni, 4-nji iýulda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden “ECO 93” kysymly awtoulag benzinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan pagta übtügini, Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “SN-350”, “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 246 724,43 manada, 28 164 817,60 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000