Söwda

Söwda
9 gün 7 sagat öň
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, 10 litrlik polietilen bedreleri, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 85 million 547 müň 900 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 179 müň 600 manatlykdan gowrak bolan gurluşyk önümlerini, parafin gaçyny, dürli görnüşli dokma önümlerini hem-de türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000