Mane Afrikada ýylyň oýunçysy boldy

Iýul 24, 2022

Tomusky transfer möwsüminde «Liwerpul»-dan «Bawariýa» geçen senegally Sadio Mane Afrikada ýylyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Ol bu ugurda ozalky topardaşy müsürli Muhammed Salahy we ildeşi, «Çelsi»-niň derwezeçisi Eduar Mendini yzda galdyrdy. 

Maglumat üçin, Sadio Mane geçen möwsümde «Liwerpul» bilen Angliýanyň Kubogynda we Liga Kubogynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de ÝÇL-de we APL-da kümüş medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, Mane şu ýylyň fewral aýynda Senegalyň milli ýygyndysy bilen Afrikanyň Milletler kubogynda çempion bolupdy. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.