Karlos Alkaras ATP sanawynyň ilkinji bäşligine girdi

Iýul 24, 2022

Dünýäniň altynjy raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Germaniýanyň Gamburg şäherindäki ATP turniriniň finalyna çykdy. Ol ýarym finalda Aleks Molçany 7-6, 6-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 19 ýaşly tennisçi möwsümde bäşinji gezek finala çykdy we 25-nji iýulda täzelenjek ATP reýtinginde ilkinji bäşlige girmegi kepillendirdi. Ýeri gelende bellesek, Alkaras 2005-nji ýyldan bäri ATP sanawynyň ilkinji bäşligine giren iň ýaş tennisçi boldy. Onuň finaldaky garşydaşy dünýä sanawynyň 62-nji başgançagyny eýeläp duran Lorenso Muzetti bolar. Muzetti hem bu ýaryşdaky finala çenli geçen üstünlikli ýoly arkaly 25-nji iýulda täzelenjek ATP reýtinginde 22 basgançak ýokarlanyp, güýçli 40-lykdan orun alar.



Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.