Sport

Sport
430 gün 8 sagat öň
Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldular

15-25-nji iýul günleri Özbegistanyň Daşkent şäherinde Agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Guwandyryjy tarapy, bu abraýly ýaryşda türkmen türgenleri hem üstünlikli gatnaşdylar. Has takygy, ýetginjekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyza wekilçilik eden Medine Amanowa itekläp götermekde 85 kilogram, silterläp götermekde 104 kilogram, umumylykda 189 kilogram netije görkezip, üç ugur boýunça hem altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de ýetginjek oglanlaryň arasyndaky bäsleşiklerde ildeşimiz Saparly Muhyýew hem itekläp götermekde 135 kilogram, silterläp götermekde 165 kilogram, umumylykda 300 kilogram netije bilen altyn medal gazandy.

Türkmen türgenleriniň yklymyň birinjiliginde gazanan üstünlikleri ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Biz hem geljekde-de türkmen türgenleriniň şeýle ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris. 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000