ÝÇL: «Kopengagen»-de we «Bude-Glimt»-de ýeňiş, «Reýnjers» bolsa «PSW» bilen deň oýnady

Awgust 17, 2022
51

Düýn agşam ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin pleý-off oýunlarynyň deslapky duşuşyklaryň üçüsi oýnaldy. Şotlandiýada Niderlandlaryň çempiony «PSW»-ni kabul eden «Reýnjers» 2-2 hasabynda deň oýnady. Norwegiýada ýer eýesi «Bude-Glimt» topary Horwatiýanyň Zagreb şäheriniň «Dinamo»-syny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Günüň üçünji oýnunda Daniýada «Kopengagen»-iň myhmany bolan Türkiýäniň çempiony «Trabzonspor» 2-1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.

Pleý-off jübütlikleriniň arasyndaky deslapky oýunlaryň beýleki üçüsi şu gün agşam geçiriler. Olarda Kiýewiň «Dinamo»-sy Portugaliýanyň «Benfika» toparyny, Ysraýylyň Haýfa şäheriniň «Makkabi»-si serbleriň «Srwena Zwezda»-syny, Azerbaýjanyň «Karabag»-y bolsa çehleriň «Wiktoriýa Plzen» klubyny myhman alar.

Pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary 23-24-nji awgust günlerinde oýnalar.

Maglumat üçin, ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda ýeňe toparlar ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna, ýeňlenler bolsa Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşarlar.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.