«Çelsi»-niň hem-de Angliýanyň ýygyndy toparynyň öňki kapitany Jon Terri londanly futbol klubynyň ozalky eýesi Roman Abramowiçe ýüzlenip, öz minnetdarlygyny bildirdi. Terriniň aýtmagyna görä, russiýaly işewüriň «Çelsi»-ni ösdürmek üçin eden tagallasy hemişe ýatda galar.
«Klubyň täze eýesi bilen täze eýýama gadam basýan çagymyzda, mümkinçilikden peýdalanyp, Marina (Granowkaýa), Brýusa (Bak), Ýewgeniýä (Tenenbaum) futbol klubymyzda amala aşyran uly hem agyr zähmetleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Siz bize üstünlik gazanmaga, futbol dünýäsindäki ähli trofeýlere eýe bolmaga kömek etdiňiz» — diýip, «Çelsi»-de 1998-2017-nji ýyllarda oýnan Terri sosial torda pikirini paýlaşdy.
«Çelsi»-niň eks-futbolçysy Abramowiçe sagbolsun aýtmaga söz tapmaýandygyny aýdýar: «Roman. Boss... Siz biziň arzuwymyza ýetmegiňiz üçin dünýä derejesindäki erkekler hem zenanlar toparlaryny hem-de akademiýany döretdiňiz. Siziň bitiren işiňizi hem-de adyňyzy ebedi ýatda saklarlar. Siz dünýädäki klub eýeleriniň gowusy!»
Jon Terri «Çelsi»-niň düzüminde Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) we Angliýanyň Kubogynda bäş gezek ýeňiji bolupdy. Ol Angliýa ligasynyň Kubogyna üç gezek, ýurduň Superkubogyna iki gezek eýe boldy. Bu goragçy «Çelsi» bilen Çempionlar Ligasynyň we Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi bolmagy-da başardy. Terri geçen ýylyň dekabrynda klubyň akademiýasynda tälimçiniň maslahatçysy wezipesine geçdi.
Roman Abramowiç «Çelsi»-ni 2003-nji ýylda 140 million funta satyn aldy. Ol 19 ýylyň dowamynda diňe oýunçylaryň transferi üçin 1 milliard funtdanam köp pul sarp etdi. Russiýaly işewüriň eýeçiliginde «Çelsi» 21 trofeýe eýe boldy - bu bolsa klubyň taryhynda Abramowiçiň gelmezinden öňki ýeňişlerinden alty esse köpdür.
10-njy martda, Ukrainadaky hadysalaryň başlanyna iki hepde geçenden soňra, Beýik Britaniýanyň hökümeti Abramowiçi sanksiýa sanawyna goşdy. Onuň aktiwleri doňduryldy - sanksiýa zerarly işewür kluby satuwa çykarmaly boldy. 30-njy maýda Abramowiç geleşik baglaşyp,«Çelsi»-ni 4,25 milliard funt sterlinge amerikaly Todd Boeliniň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satdy. Beýik Britaniýanyň hökümeti bu satuwy oňlady, emma onuň girdejisi Abramowiçe baryp ýetmez.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.