«Wulwerhempton» portugaliýaly oýunçylarynyň sanyny bir düzüme ýetirdi

Awgust 18, 2022
26

Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýän «Wulwerhempton» kluby öz taryhyndaky iň gymmat transferi amala aşyrdy. Topar şu gün Portugaliýanyň «Sporting»-inden Mateuş Nuneşiň satyn alnandygyny mälim etdi.

Klubyň resmi saýtynda berlen habara görä, portugaliýaly 23 ýaşly ýarymgoragçy «Wulwerhempton» bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama gol çekişipdir. Şeýle-de toparda şertnamany awtomatiki ýagdaýda ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bar.

Iňlis sport neşirleri Mateuşyň transferiniň «Wulwerhempton» üçin 45 million ýewro düşendigini ýazýarlar. Mundan başga-da «Sporting» bu transferden ýene 5 million ýewro goşmaça töleg hem gazanyp biler. Bu mukdar iňlis toparynyň taryhynda bir oýunçynyň transferi üçin sarp edilen puluň rekord görkezijisidir. Ýene bir gyzykly tarapy, Nuneş Mateuş «Wulwerhempton»-yň häzirki düzümindäki 11-nji portugaliýaly oýunçydyr. Ýeri gelende bellesek, Mateuşy öz düzümine goşmaga «Liwerpul» hem-de «Mançester Siti» toparlary hem içgin gyzyklanma bildiripdiler.

Maglumat üçin, Nuneş Mateuş «Sporting»-iň düzüminde şu möwsümde 1 gol urup, 1 gezek golly pas geçiripdi.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.