Haçanow bäş setde Kirýosy ýeňip, ilkinji gezek «Uly tuwulga»-nyň ýarym finalyna çykdy

Sentýabr 7, 2022

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde «US Open»-iň çärýek final duşuşyklarynyň çäginde 27 ýaşly awstraliýaly Nik Kirýos 26 ýaşly rus tennisçisi Karen Haçanow bilen güýç synanyşdy. 3 sagat 41 minut dowam eden duşuşyk 7:5, 4:6, 7:5, 6:7 (3:7), 6:4 hasabynda russiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde Karen Haçanow öz professional karýerasynda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Onuň ýarym finaldaky garşydaşy dünýäniň ýedinji raketkasy, çärýek finalda italiýaly Matteo Berrettinini ýeňlişe sezewar eden norwegiýaly Kasper Ruud bolar. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.